“Haýsydyr Bir Görnüşde Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Ýetirilmeli”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Gazze meselesinde halkara jemgyýetçiligine zamun alynan 2 million adamyň açlyk we ýokanç keseller arkaly ýok edilmeginiň öňüniň alynmagy üçin çagyryş berdi.

Fidan, Albaniýanyň Ýewropa we Daşary işler ministri İgli Hasani bilen paýtagt Tiranda bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Gazada dowam edýän pajyga ünsi çeken Fidan, palestinaly 10 müňlerçe adamyň dünýäniň gözüniň öňünde gyrgyna berilýändigini nygtady.

Fidan, “Ysraýylyň guraýan bombaly hüjümlerinde müňlerçe adam ýogaldy. Ysraýyl tarapyndan Gazada zamun alynan palestinaly millionlarça adama hem açlyk we ýokanç kesel howpy abanýar. Gaza lukmançylyk enjamlarynyň we ynsanperwer kömeginiň girmegine rugsat berilmeýär we bu şol bir wagtda uly adamzat pajygasynyň habarçysy” diýdi.

Halkara jemgyýetçiliginiň edýän tagallasynyň Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegini üpjün edip bilmändigini aýdan Fidan, “Şol sebäpli halkara jemgyýetçiligine haýsydyr bir görnüşde zamun alynan 2 million adamyň açlyk we ýokanç keseller arkaly ýok edilmeginiň öňüniň alynmagy üçin çagyryş berýärin. Şeýle bolman halatynda gijä galyp bileris” diýdi.

Fidan, bombaly hüjümlerden daşary 100 müňlerçe adamyň hem açlyk sebäpli ýogalyp biljekdigine ünsi çekdi.

Ministr Fidan, haýsydyr bir görnüşde Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmelidigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan, Albaniýada we Serbiýada Saparda Bolar
Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan Eýran-Ysraýyl dartgynlygy barada beýannama berdi
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Prezident Erdogan Halkara Guramalara Reaksiýa Bildirdi
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Rugsat Bermeris”