Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar

Haýsy ýurt tutýan meýdanynyň giňdigine garamazdan, iň az ilatly hasaplanýar

Dünýäniň köp ýurtlarynyň arasynda giň territoriýasynyň bardygyna garamazdan, ilaty az bolan döwlet hem bar. Bu Mongoliýadyr.

Bu ýurduň meýdany 1,5 mln inedördül km. Şeýle-de bolsa, 2020-nji ýyl boýunça ilat sany bary-ýogy 3,26 mln adam.Eger tutýan meýdany birnäçe esse kiçi bolan döwletler bilen deňeşdirsek, Mongoliýany gür ilatly diýip hasaplap bolmaz.

Mysal üçin, meýdany 10,4 müň inedördül kilometr bolan Liwanda 4,1 mln adam ýaşaýar.Mongoliýa ilatynyň azlygy boýunça köp ýurtlardan, meselem, Namibiýadan, Awstraliýadan, Kanadadan, Mawritaniýadan, Islandiýadan öňde durýar. Ýurduň ilatynyň tas ýarysynyň paýtagtda ýaşaýandygyny bellemek gerek.

Beýleki şäherlerde adam örän az, hatda azyndan 100 000 adam ýaşaýan şäher hem ýok.Ilat sanynyň şeýle az bolmagynyň sebäbi sebitiň köp böleginiň adamlaryň ýaşamagy üçin ýaramly bolmazlygynda. Çünki, Mongoliýanyň ep-esli bölegi beýikligi 900-den 1,5 müň metre çenli bolan tekiz belentlikde ýerleşýär.

Döwletiň günbatar tarapy, tersine, daglyk.Günorta böleginde bolsa Gobi çöli ýaýylyp ýatyr.Mongollaryň deňze göni elýeterliligi ýok, ýurt ondan uzakda ýerleşýär. Şonuň üçin bu ýerde ýiti kontinental howa bolýar.

Onuň aýratynlygy tomsuna bu ýerde has yssy bolýar, gyşyna howanyň temperaturasy -30 gradusa ýetýär. Şonuň üçin ýanwar aýynda howanyň ortaça temperaturasy deňeşdirilende, Ulan-Bator dünýäniň iň sowuk paýtagty hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy dörediler
24 ýygyndy gatnaşar
GYSGA SETIRLERDE
3 yklym çempionat
Dünýäniň iň rahat ýurdy