Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?

Häzirki wagtda dünýäde 195 ýurt bolup, olaryň 193 sanysy BMG-niň agzasy, iki ýurt bolsa, (Palestina bilen Watikan) synçy döwletler hasaplanýar. Köp ýurduň ady şol ýurduň esasy ilaty ýa-da esaslandyran adamyň ady bilen baglanyşykly bolýar. Eýsem, haýsy ýurduň ady näme manyny berýärkä? Ine, olaryň käbiri.

Taryhy we medeni ýadygärliklere baý bolan Ýewropanyň Ortaýer deňziniň kenaryndaky Italiýa witaly atly halk tarapyndan esaslandyrylypdyr. Bolgariýa bolsa, garyşyk manysyny berýän bulga sözünden emele gelipdir. Bu adyň berilmegi ýurtda köp halkyň ýaşaýandygy bilen bagly bolupdyr. Tailand sözi bolsa erkin adam diýmegi aňladýan tai halkynyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýän arap ýurdy bolan Bahreýn iki deňiz diýmegi aňladýar. Karta seredilende ýurduň iki deňziň arasyndadygyny görmek bolýar. Ispaniýa sözi bolsa, towşanlaryň mekany diýmegi aňladýar. Bu at ilkinji gezek karfagenýan atly halk tarapyndan goýlupdyr. Soňra bolsa rimliler hem ýurdy şol at bilen atlandyrmagyny dowam etdiripdirler.

Karib deňzinde ýerleşýän kiçijik ada döwleti bolan Trinidad we Tobagonyň adyny meşhur deňizçi Hristofor Kolumb dakypdyr. Trinidad üç depe, tobago bolsa, temmäki diýmegi aňladýar.

Dünýäniň 25 ýurdunyň ady şol ýurduň geografik taýdan ýerleşýän ýeri bilen baglanyşyklydyr.Köp döwletiň we şäheriň ady bolsa, öz ýurdunda başgaça, halkara derejede başgaça atlandyrylýar.Mysal üçin, hytaýlylar öz ýurduny Çžunhua diýip atlandyrýarlar.

Bu söz merkezi patyşalyk diýmegi aňladýar. Ýaponlar bolsa öz ýurduny Nippon diýip atlandyrýarlar.Bu söz ýaponçada Günüň dogýan ýurdy diýmegi aňladýar. Şol bir wagtyň özünde bu söz beýleki dillerde hem ýurduň ikinji ady hökmünde ulanylýar. Ýaponiýanyň baýdagyndaky ak düşegiň üstünde ýerleşýän gyzyl tegelek şekil hem Güni aňladýar.

Halkara derejesinde ulanylýan Ýaponiýa ady bolsa, hytaýçadaky Japuen sözünden emele gelip, bu söz hem Günüň dogýan ýurdy diýmegi aňladýar.

Ýer ýüzündäki 25 ýurduň ady, şol ýurt üçin esasy şahsyýetleriň ady bilen baglanyşyklydyr.Mysal üçin, Müsüriň ady Nuh pygamberiň neslinden bolan Misraim bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň arapça ady Misr.

Günorta Amerikadaky Boliwiýanyň ady şol sebitleriň garaşsyzlygy ugrunda göreşen hem-de ýurduň ilkinji döwlet ýolbaşçysy Simon Boliwaryň adyndan gelip çykýar.Kolumbiýa sözi ilkinji bolup, Amerikany açmagy bilen meşhurlyk gazanan Hristofor Kolumbyň adyndan döräpdir.

Italýan deňizçisi Amerigo Wespuççi Amerika yklymyna barandan soňra bu ýer şeýle atlandyrylyp başlanypdyr.

Liwanyň ady ýurduň Siriýa bilen serhedindäki daglardan gelip çykypdyr. Bu dag ulgamy jöwzaly tomus günlerinde hem eremeýän gar örtügi bilen gadymy döwürlerden bäri meşhur bolupdyr. Liwan sözi iwrit dilinde ak daglar diýmegi aňladýar. Şeýlelikde, bu söz hem dagyň, hem ýurduň ady bolupdyr.

Hindi ummanynyň kenaryndaky Oman arap dilinde giň deňizler diýmegi aňladýan sözden emele gelipdir.

Demirgazyk Ýewropada ýerleşýän Norwegiýa norweg dilinde demirgazyk ülkesi diýmegi aňladýar.

Irki döwürlerden bäri keramatly ýer hasaplanýan Şri-Lanka bu at 1972-nji ýylda berilýär. Käbir çeşmelerde bu sözüň dabaraly, şowhunly diýen manysynyň bardygy bellenilýär.

Bangladeş ady bolsa, bengal dilinde bengallaryň ýurdy diýmegi aňladýar.

Ýene degişli makalalar

HHR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy kitap sowgat berdi
Awiakosmos sergisi guralar
Bütindünýä Taekwondo federasiýasy ştab-kwartirasyny Koýan şäherine geçirmek barada şertnama baglaşdy
Ýurt atlarynyň gelip çykyşy
Tennis täzelikleri
04.07.2019 | Hytaýyň Szilin welaýatynyň ýaşaýjylary türkmen jigitleriniň sungaty bilen tanyşýarlar