Berhiz lukmany Irina Pisarewa "RT" bilen geçirilen söhbetdeşlikde saglyga zyýan berip biljek berhizler barada belläp geçdi. Bu barada ferra.ru habar berdi.
Hünärmeniň pikiriçe, belli bir berhize başlamazdan ozal barlagdan geçmeli, şeýle hem aşgazan-içege traktynda näsazlyklaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaly. Aşgazan-içege ulgamynda kesel barka käbir berhizler saglyga ýaramaz täsir edip biler. Pisarewa saglyga zyýanly berhizleriň hataryna günüň dowamynda şol bir önümiň ulanylmagy bilen häsiýetlendirilýän mono-berhizleri goşdy.
Smuzini öz içine alýan "detoks berhizlerine" gaty berilmeli däl. Beýle iýmit içege atrofiýasy howpuny döredýär. Sebäbi onuň düzümine garyşyk miweler we gök önümler girýär we onuň netijesinde, içege iýmit siňdirişe energiýa sarp etmegini bes edýär. Şeýle hem çeşme habar häsiýetli maglumatlary lukmanyň görkezmesi bilen deň derejeli hasaplamaly däldigini, belli bir karara gelmezden ozal hökman hünärmen bilen maslahatlaşmalydygyny ýatladýar.