Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar

Haýnan Hytaýda benzinli işleýän awtoulaglardan ýüz öwren ilkinji sebit bolar

Hytaýyň Haýnan prowinsiýasynyň häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli däp bolan benzin ýa-da dizel hereketlendirijileri bilen işleýän awtoulaglaryň satuwyny dolulygyna gadagan etmekçi bolýar. Bu baradaky maglumaty autonews.ru paýlaşýar.

“Sinhua” agentliginiň maglumatlaryna görä, eýýäm 2025-nji ýyla çenli döwlet ulaglarynyň ählisi, şol sanda ýük ulaglary we awtobuslar elektrikleşdiriler. Ýene bäş ýyldan bolsa içinden otlanylýan hereketlendirijisi bolan ulaglaryň satuwy gadagan ediler, üstesine, şeýle görnüşli awtoulaglaryň hereketi üçin aýgytly çäklendirmeler giriziler.

Häzirki wagtda Haýnan Hytaýyň benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglardan el çekmek barada meýilnamalaryny mälim eden ilkinji prowinsiýasy boldy. Şeýle-de bolsa, ýakyn wagtda ýurduň beýleki sebitleriniň hem Haýnanyň yzyna eýermegi ähtimal. Ýeri gelende, hytaýly awtomobil öndürijileriň içinden otlanylýan hereketlendirijilerden el çekmek meýilnamasyny goldaýandyklaryny aýtmak gerek.

Meselem, “BYD” kompaniýasy eýýäm şeýle görnüşli ulaglary goýbermegi bes etdi. “Great Wall Motor” maşgalasyna girýän “Haval” markasy hem 2030-njy ýyla çenli içinden otlanylýan hereketlendirijili awtoulaglary öndürmekden dolulygyna saklanar.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de iň uly awtoulag eksportçysy boldy
Hytaý dünýäde iň uly awtomobil eksportçysy boldy
Halkara awtoulag sergisi
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
Toyota bZ3 elektrosedanyny çykarmaga taýýarlanýar
BYD aýda 300 müň elektrokar çykarar — Tesla şonça ulagy üç aýda çykarýar