Hawýer Mileý deslapky saýlawlarda ýeňiş gazandy

14-nji awgustda Argentinada Prezidentlige bäsdeşleri kesgitlemek maksady bilen partiýalaryň arasyndaky saýlawlar geçirildi. Bu saýlawlarda ýurduň wekiller palatasynyň agzasy Hawýer Mileý öňdebaryjy boldy. Bu barada sesleriň 100%-i sanalandan soňra, ýurduň Milli saýlaw gullugy habar berdi.

Partiýalaryň içindäki saýlawlar oktýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawyna gatnaşjak dalaşgärleri aýdyňlaşdyrar. Argentinanyň ilaty döwlet baştutany wezipesine dalaş edip biljek “Awanza Libertad” (“Erkinlik gelýär”), “Watan bileleşigi”, “Üýtgeşmeler üçin bilelikde” ýaly partiýalaryň wekillerine ses berdiler.

Maglumatlara görä, ses berişlik garaşylmadyk netijeleri berdi. “Erkinlik gelýär” partiýasyndan Hawýer Mileý 30,4% ses alyp, dolandyryjy “Watan Bileleşigi” partiýasyndan ykdysadyýet ministri Serhio Massodan (21,12%) hem-de “Üýtgeşmeler üçin bilelikde” partiýasyndan bolan öňki howpsuzlyk ministri Patrisiýa Bullriçden (17%) öňe saýlandy.

Argentinada Prezident saýlawlary 22-nji oktýabrda geçiriler. Argentinanyň saýlaw kanunyna görä, saýlawda ýeňiş gazanmak üçin iň ýakyn bäsdeşinden aratapawudyň azyndan, 10% bolmagy şerti bilen 45% ses almak ýa-da 40% ses almak ýeterlikdir. Ýurtda hereket edýän kanunlara görä, sesleriň azyndan 1,5%-ini alanlar saýlawlara gatnaşyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada Hristian Bileleşik Partiýalary saýlaw ýeňişini yglan etdi
Dolandyryjy Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Halk partiýasy ýeňiş gazandy
Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady