Hatyra kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi

Hatyra kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi

Hatyra kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.

1993 — 1998-nji ýyllar aralygynda çap edilen bu giň gerimli işiň üçünji jildi şu ýylda gaýtadan neşir edildi.Bu neşirde Daşoguz welaýatynda önüp-ösen türkmenistanly gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine sarpa öz beýanyny tapýar.

Ozal bar bolan maglumatlaryň ulgamlaşdyrylmagy, üstüniň doldurylmagy hem-de elipbiý tertibinde ýerleşdirilmegi okyjylaryň maglumatlary özleşdirmegini ýeňilleşdirýär hem-de täze neşiriň tapawutly aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.Neşiriň üçünji jildi Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň harby komissarlyklarynyň, Daşoguz welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň durmuş üpjünçiligi bölümleriniň resminamalaryny, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryny, terjimehal maglumatlaryny, ylmy makalalary, döwürleýin neşirleri, şeýle hem wepat bolan esgerleriň garyndaşlarynyň beren maglumatlaryny öz içine alýar.

Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistandan urşa 200 müňden gowrak esger, şol sanda Daşoguz welaýatyndan 30 müňe golaý adam çagyrylypdyr.Olaryň 8 müňden gowragy wepat bolupdyr we söweş meýdanlarynda dereksiz ýitipdir.

Kitapda esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar ýerleşdirilýär, uruş ýyllarynda hem-de häzirki günlerde döredilen, aýratyn ruhy joşgun bilen tapawutlanýan goşgular getirilýär.Täze neşirde esgerleriň doglan güni we ýeri, harby derejeleri, aradan çykan, jaýlanan wagty baradaky maglumatlardan başga-da, esgeriň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly hakynda maglumatlar görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Hatyra kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
“Hatyra” kitabynyň jemleýji jildi çapdan çykdy
Hatyra kitabynyň täze neşiriniň bäşinji jildi çapdan çykdy
Diňle: Maryda Hatyra güni resmi däl görnüşde ýatlandy, býujet işgärleri gülküli oýunlara tomaşa etmäge mejbur edildi
HATYRA GÜNÜNE DÜŞÝÄN DYNÇ GÜNÜNI GEÇIRMEK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär