Hatyra kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi

Hatyra kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi

1993 1998-nji ýyllar aralygynda çap edilen Hatyra kitabynyň üçünji jildi täzeden neşir edildi.Bu barada şu günki Türkmenistan gazetinde habar berildi.Habarda bellenilişi ýaly, Hatyra kitabynyň üçünji jildiniň täze neşiri 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda söweş meýdanlarynda we ýaralanmak zerarly hassahanalarda wepat bolan, şeýle hem dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine, has anygy, Daşoguz welaýatynda önüp-ösen türkmenistanly gahrymanlara bagyşlanýar.

Kitabyň üçünji jildi Türkmenistanyň hem-de GDA-nyň beýleki ýurtlarynyň harby komissarlyklarynyň, Daşoguz welaýatynyň şäherleriniň we etraplarynyň durmuş üpjünçiligi bölümleriniň resminamalaryny, uruş weteranlarynyň ýatlamalaryny, terjimehal maglumatlaryny, ylmy makalalary, döwürleýin neşirleri, şeýle hem wepat bolan esgerleriň garyndaşlarynyň beren maglumatlaryny öz içine alýar.

Arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistandan urşa 200 müňden gowrak esger, şol sanda Daşoguz welaýatyndan 30 müňe golaý adam çagyrylypdyr.Olaryň 8 müňden gowragy wepat bolupdyr we söweş meýdanlarynda dereksiz ýitipdir.

Kitapda esgerlerden gelip gowşan üçburç hatlar ýerleşdirilýär, uruş ýyllarynda we häzirki günlerde döredilen, aýratyn ruhy joşgun bilen tapawutlanýan goşgular getirilýär.Esgerleriň doglan güni hem-de ýeri, harby derejeleri, aradan çykan hem-de jaýlanan wagty baradaky maglumatlardan başga-da, esgeriň goşuna çagyrylan ýeri hem-de ýyly barada maglumatlar getirilýär.

Tylda zähmet çeken we tutanýerli zähmeti bilen Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyran zenanlardyr çagalaryň gahrymançylyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar, Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän memorial ýadygärlikleriň arhiwden ýüze çykarylan suratlary hem berilýär.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň neşir etmäge taýýarlamagy bilen, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edildi.

Ýene degişli makalalar

1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy
Srebrenina Genosidinde Pida Bolanlar Hatyralanar
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Hatyra kitabyna ýazgy ýazdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi