Hatyra kitabynyň jemleýji, bäşinji jildiniň täze neşiri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan, şeýle-de dereksiz ýiten esgerleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar.
Täze neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli türkmen halkyna Gutlagy bilen açylýar.Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, 1 müň 418 güne çeken bu gazaply urşuň ilkinji günlerinde watandaşlarymyzyň müňlerçesi fronta meýletin gidip, aldym-berdimli söweş meýdanlarynda doganlyk halklar bilen birlikde jebisleşip, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler.
Merdana pederlerimiziň söweşjeň edermenligi, gaýduwsyzlygy hakyndaky şöhratly ýatlamalar, ildeşlerimiziň zähmet üstünlikleri Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ebedi ýazyldy.
“Hatyra” kitabynyň bäşinji jildinde Mary welaýatyndan bolan esgerler hatyralanýar.Girişde buýsanç, ar-namys, Watanyň azatlygy ugrundaky gahrymançylykly söweşler barada gürrüň berilýär.Maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Mary welaýatyndan 21 müň 300-e golaý adam wepat boldy we dereksiz ýitdi.
Kitapda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojagyna gaýdyp gelmedik merdana esgerleriň sanawy elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir.Neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, uruş ýyllarynda metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, Mary welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň suratlary hem bar.
Türkmenistanda gazaply uruşda gazanylan Ýeňşiň ähmiýetini, parahat we abadan durmuş üçin janyny orta goýan watandaşlarymyzyň edermenliklerini häzirki nesillere düşündirmek hem-de geljek nesillere ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu işde taryhy maglumatlary toplamaga, olaryň üstünde işlemäge, “Hatyra” kitabyny döretmäge işjeň gatnaşan arhiw işgärleriniň hem mynasyp goşandy bar.
“Hatyra” kitabynyň jemleýji jildi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi. Ol giň okyjylar köpçüligine niýetlenýär.