
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň umytsyzlygy düşnükli diýmek bilen onuň iň ýokary basyş syýasatynyň şowsuz bolandygyny aýtdy.
Press TV bilen geçiren interwýusynda Hatibzadeh: "Täze sanksiýalar bilen ABŞ iň ýokary basyş syýasaty henizem dowam edýär öýdýär, ýöne Amerikanyň şowsuzlyga uçrandygyny we iň ýokary basyş maksatlaryna ýetip bilmeýändigini her kim bilýär" -diýdi.
Said Hatibzadeh mundan beýläk Eýranyň Amerikanyň çykarýan beýannamalaryny syndan geçirmekde seresap bolmalydygyny aýtdy we: "Bu hereketler lapykeçlik we umytsyzlyk sebäpli edilýär" -diýdi.