Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary bilelikdäki serhet-de ýerleşen Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys diýmek bilen Hirman suwyndan peýdalanyp bilmek Eýranyň hakydyr diýip nygtady.
Kamal Han bendi, Owganystanyň günorta-günbataryndaky Nimroz welaýatynyň merkezi Zaranj şäheriniň 18 km günortasynda, Hirmand derýasynyň boýunda ýerleşýär.
Hirmand derýasynyň suw şertnamasy, Eýran bilen Owganystanyň arasynda 1972-nji ýylda gol çekilipdi we şertnama boýunça her ýyl 850 million kub metr Hirmand suwy Eýrana degişlidir.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu gün (şenbe) Taýbada eden sapary wagtynda we Dogarun serhediniň çäginde IRNA bilen söhbetdeşlikde Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny üpjün etmek barada Iki ýurduň ýokary suw komissarlary biri-biri bilen gürrüň etdiler diýdi.