Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ýurdumyzyň Owganystan bilen serhedinde durnuksyzlyk we howp ýokdyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Saied Hatibzadeh, serhetdäki soňky wakalardan soň Owganystan bilen serhetleriň we serhet geçelgeleriniň ýagdaýy baradaky soragyň jogabynda, Eýran Yslam Respublikasynyň serhetleri ýurdumyzyň yhlasly serhetçileri sebäpli parahatçylykda we howpsuzlykdadyr we ýurdumyzyň Owganystan bilen serhedinde hiç hili howp ýokdyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sözüniň dowamynda şeýle-de Owganystanyň içindäki Yslam Gala we Abu Nasr Farahi gümrük ofislerinde bolup geçen çaknyşyklar sebäpli birnäçe owgan işgäri Eýrana girdi diýip yglan etdi.
Hatibzadeh şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň kanunlara we düzgünlere we Owganystan bilen serhet şertnamalaryna we hoşniýetli goňşuçylyk çäginde zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.