Hasyl toýy rysgal bereketiň toýy

Hemmämiziň bilşimiz ýaly ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatardan oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap pagtanyň, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak baradaky kabul eden karary daýhanlaryň şol sanda ähli oba hojalykçylary diýseň begendirdi.

Munuň özi kärendeçi babadaýhanlary işe bolan höwesini artdyrmaga, öňküden-de gaýratly zähmet çekmäge, pagtadan, bugdaýdan bol hasyl öndürmäge uly badalga bolar. Şeýle hem Oba hojalyk Ministrliginden bölnip aýrylmagy arkaly “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, “Türkmenpagta” döwlet konsernini hem-de “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigini döretmek barada degişli kararlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň işini mundan beýläkde kämilleşdirmekde, depginli ösdürmekde möhüm ädim bolar.

Türkmenistanyň Oba hojalyk Ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döredilmegi ilatymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, gaýtadan işleýän senagaty ýeterlik mukdarda çig mal bilen üpjün etmekde uly mümkinçilik berer.

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde hasyl toýy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilýär.Hasyl toýy mynasybetli ýörite hormatly Prezidentimiziň Karary bilen öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine, kärendeçilere döwlet sylaglary gowşurylýar. Ähli welaýatlarda aýdym-sazly medeni çäreler, oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler ýetilen belent sepgitler giňden açyp görkezýän sergiler ýaýbaňlandyrylýar, kärendeçi daýhanlar bilen iş üstünde duşuşylyp, olara jemgyýetçilik guramalaryň adyndan sowgatlar gowşurylýar, Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen oba hojalyk pudagyny ösdürmek, kämilleşdirmek bilen bagly kabul edilen Kararlar bilen tanyşdyrýarys.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Hasyl toýy aýratyn uly mana eýe bolýar.Bu toýuň güýzki köpçülikleýin bag ekmek çäresi bilen gabat gelmegi hemmelerde uly joşgun, ata Watanyna bolan söýgüni has-da artdyrýar. Ýylyň-ýylyna bag ekmek çäresiniň geçirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny barha gowlandyrýar.

Köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň yzygiderlik geçirilmegi netijesinde köçelerimiziň, demir we gara ýollary, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töwereklerini bezeýär, ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýar.

Köneürgenç etrabynda hem hasyl toýy dabaraly bellenip geçilýär, köpçülikleýin bag ekmek çäresine taýýarlyk görülýär.Hasyl toýy mynasybetli Köneürgenç etrap häkimligi, TAP-nyň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde gurnamaklygynda Pagta egriji fabriginiň mejlisler zalynda aýdym-sazly dabara geçirildi. “Eziz Watan hasyl toýuň mübärek” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabara il sylagly ýaşulylarymyz, kümüş saçly enelerimiz, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Dabaranyň geçirilen ýerinde dürli gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň köp görnüşli sergileriniň görkezilmegi, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezdi.Dabarada jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulylarymy, oba hojalykçylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän hasyl toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy gutlap, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler, aýratyn uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şonuň netijesinde saçaklarymyzyň mele myssyk nandan, ak bazarlarymyz ýylyň ähli döwründe gök-bakja, miwe önümlerinden doly bolup bazar bolçulygynyň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen çykyş etdiler.

Soňra etrap medeniýet bölüminiň ýörite hasyl toýy mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary, folklýor toparynyň sahna oýunlary ýaýbaňlandyryldy.Perman Babajanow, Aýmyrat Haýtekow, Jeren Amanowa, Arzygül Duşemowa ýaly aýdymçylar ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, türkmen topragynyň rysgal bereketini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdiler.

Uzak wagtlap dowam eden çäre bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak duýgulary döretdi.

Rysgal bereketiň bolçulygyň baýramy bolan Hasyl toýy bilen Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, daýhanlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, her bir döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Magtymgulynyň pars diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi
Täjigistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň söwda öýüni açmak meseleleri maslahatlaşyldy
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar