Hasyl toýy mynasybetli dabaralar we sergi guraldy

Hasyl toýy mynasybetli dabaralar we sergi guraldy

14-nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk oba hojalyk ýylynyň, ekerançylaryň tutanýerli zähmetiniň jemini jemleýär, türkmen topragynyň berekedini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar.

Şanly waka mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dürli mowzuklaýyn maslahatlar guraldy, mähriban topragymyzyň sahawatlylygyny görkezýän sergiler we ýarmarkalar guraldy. Däp bolşy ýaly, esasy baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzda geçirildi. Bu ýere ähli sebitlerden halk hojalygynyň öňdebaryjy wekilleri geldi.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileri , mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki oba hojalyk hünärmenlerini sylaglamak dabarasy boldy we onda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, şu ýyl ýokary netijeleri gazanan obasenagat pudagynyň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy.

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasy esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ýerde oba hojalygynyň hem-de agrosenagat toplumynyň gazanan üstünlikleriniň uly sergisi guraldy.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanyna Hazyna atly ajaýyp ahalteke bedewiniň gowşurylmagy baýramçylygyň möhüm wakasy boldy.

Sergi merkezinde obasenagat toplumynyň ähli edaralary we kärhanalary öz bölümlerini ýaýbaňlandyrdylar.Pagtaçylyk hem-de däneçilik pudaklarynyň, maldarçylyk, azyk, dokma senagatynyň we haly önümleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.Bu ýerde dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary-da görkezildi.

Welaýatlaryň baýramçylyk sergi bölümlerinde “ak altynyň” täze hasyly, guşgursak bugdaý, bakja, gök önümleriniň hem-de miweleriň köp görnüşleri görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Abu Seýid Abul Haýryň kümmetinden tapylan teňňeleriň arassalanylyşy we rejelenilişi
Türkmenistanda pagta çigidinden margarin ýagy öndürilip başlandy
“Owadan ülke” kärhanasy täze harytlaryň önümçiligini ýola goýdy