Hasyl toýunyň öňüsyrasynda AST-daky özgertmere bagyşlanan ylmy duşuşyklaryň tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Hasyl toýy mynasybetli gurnan çärelerine jemgyýetçilik wekilleri, alymlar we azyk senagaty hem-de oba hojalyk pudaklarynyň hünärmenleri ganaşdylar. Olarda ykdysadyýetiň oba senagat pudagyny özgertmekde ylmyň ähmiýeti, şeýle hem innowasiýalary durmuşa ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylymlar akademiýasynyň mejlisler zalynda Demokratik partiýanyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ylmy maslahatda bu ulgamdaky uly möçberli özgertmeleriň durmuş ugurlary, ýerde hojalyk işini ýöretmäge jogapkärli çemeleşmegi terbiýelemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gün energiýasy institutynda geçirilen duşuşyk ekerançylykda, şeýle hem Garagumdaky alys öri meýdanlarynda energiýanyň alternatiw çeşmelrinden peýdalanmaga bagyşlandy.

Tehnologiýalr merkezinde Hasyl toýy mynasybetli Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde innnowasion tehnologiýalar“ atly ylmy maslahat gurnaldy.Onda ýurduň oba senagat toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän azyk önümlerini saklamagyň we daşamagyň usullary barada gürrüň edildi.

Duşuşykda TYA-nyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikler institutynyň Botanika bagynyň direktorynyň wezipesin ýerine ýetiriji Kuwwatbaý Gylyçmyradow çykyş etdi.Olgowaçanyň seçgisinde we tohumçylygynda gazanylan üstünlikler, türkmen alymlarynyň soňky ýyllarda döreden şora durnukly ýokary hasylly täze görnüşleri, hususan-da gowaçanyň häzir önümçilik synagyndan geçirilýän geljegi uly“Arkaç-130“ görnüşi barada g ürrüň berdi.

Çäreleriň guramaçylarynyň we oňa gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda uly möçberli ýokary tehnologiýaly taslamalar durmuşa geçirilýär.Amaly ugurlaryň ençemesini öz içine alýan agrarylym hem işjeň ösdürilýar.Tehnologýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga we ekologiýa babatda arassalyga ugur alyndy, bu bolsa täze durmuş-ykdysady şertlerde OST-ny ösdürmegiň möhüm bölegidir.

Bu işde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gurluş düzümleriniň ähmiýeti ulydyr, olaryň aglabasy- Maldarçylyk we weterinariýa instituty, Biologiýa we dermanlyk ösümlikler instituty, Tehnologiýalar merkezi oba hojalyk önümçiligniň ähli ugurlaryny ösdürmäge, önümleriň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýän hususy ýa-da bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlaýarlar.

Bu hyzmtdaşlyk Azyk senagaty döwlet birleşiginiň hünärmenleri, şeýle hem Oba we suw hojalygy ministrliginiň ýanynda hereket edýän Oba hojalygy ylmy-barlag instituty bilen özara herekete esaslanýar, Bu YBI-nyň şahamçalarynda, welaýatlardaky ylmy-barlag merkezlerinde tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler, tejribe-synag meýdançalary we ýörütleşdirilen tohumçylyk hojalyklar hereket edýär.

Türkmenistanda oba hojalyk önümçiligi GMO-tehnolgýalar ulanmazdan milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylýar we ekologiýa taýdan howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkezi işiniň ilkinji ýylynyň jemini jemledi
Pissäniň tejribe nusgalary Botanika bagynyň alymlaryny ýokary hasyllylygy bilen begendirdi
Çölleşmäge gözegçiligiň milli ulgamy
Alymlar otag gülleriniň bakteriýalary we toksinleri ýok edýändigini aýdýarlar
Çöllük ýerleri özleşdirmek meseleleri we daşary ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglara syn pudaklaýyn žurnalyň sahypalarynda beýanyny tapdy