Türkmenistandaky iň uly konditer önümlerini öndürijileriň biri bolan Hasar kärhanasy müşderilerini özboluşly Täze ýyl teklipleri bilen begendirýär. Kärhana baýramçylygyň öňüsyrasynda süýjüliklerden dürli hili sowgatlary taýýarlady.
Hasar müşderilerine Goý, siziň täze ýylyňyz ýylgyryş bilen başlansyn! diýen sözler bilen ýüzlenýär. Kärhananyň konditerleri tarapyndan döredilen Täze ýyl toplumlary diňe bir süýji hem däl-de, kiçijik baýramçylyk jadysydyr.
Bu assortiment dürli islegleri göz öňünde tutup, çagalar we ulular üçin toplumlary öz içine alýar. Süýjülikleriň ählisi olaryň iýmit howpsuzlygyny we özboluşly tagamyny kepillendirýän subut edilen reseptlere laýyklykda tebigy goşundylardan taýýarlanylýar.
Ajaýyp baýramçylyk gaplamalary islendik sowgady has-da ýatda galyjy görnüşe getirýär.
Hasaryň Täze ýyl toplumlary kimler üçin niýetlenen?
- çagalar: özboluşly we tagamly süýjüler bu önümleri halaýan çagalary begendirer we çagalar baglarynda hem-de mekdeplerde baýramçylyk şatlygyny döreder.
- topar: kärdeşleriňize Hasaryň süýjülik toplumlaryny sowgat berip, töwerek-daşyňyzy hasam lezzetli ediň.
- garyndaşlaryňyz we dostlaryňyz: ýakynlaryňyzy üns-aladalaryňyzy beýan etjek özboluşly sowgatlar bilen gutlaň.
Täze ýyl toplumlarynyň sany çäklidir, şonuň üçin olardan satyn almak meýliňizi soňky purdada goýmaň!
Hasar — baýramçylygyň süýjüligi her bir gapda!
Habarlaşmak üçin: