Hasar Ahalda Mars, Baunti, Snikers öndürýän zawod gurýar

Hasar Ahalda Mars, Baunti, Snikers öndürýän zawod gurýar

Hasar hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri çagalar we ulular üçin 200 müňden gowrak Täze ýyl sowgadyny taýýarladylar! Sowgatlarda belli Çokomelon, Snikers ýaly kemputlar, içi şokoladly Lezzet kökesi, içi süýjüli Desse kempudy we marmelad bar. Täze ýyl sowgatlarynda karameliň täze görnüşleri — içi şokoladly we kofeli karamel, kofe tagamly wafli — önümçiligi şu baýramyň öňüsyrasynda özleşdirilen önümler bar.

Öňümizdäki iki ýylda telekeçiler konditer önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda şunça kuwwatly ýene bir zawodyň gurluşygy başlandy. Bu ýerde Mars, Baunti, Snikers we beýleki halanýan süýjülerini öndürmek üçin enjamlar oturdylar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Hasar kärhanasynda ýüzden gowrak konditer önümleri öndürilýär. Doly önümçilikde işleýän Hasar HJ-de çig mal taýýarlamakdan başlap, taýýar önümleriň gaplanyşyna çenli ähli zerur amallar ýerine ýetirilýär. Bu ýerde ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, önümçiligiň umumy mukdaryna ýerli çig malyň köp çekilmegine we täze önümçilik kuwwatynyň işe girizilmegine uly üns berilýär.

Ýene degişli makalalar

ТУРКМЕНСКИЕ ПРОИЗВОДИТЕЛИ ПРИНИМАЮТ УЧАСТИЕ В МЕЖДУНАРОДНОЙ ВЫСТАВКЕ ПРОДЭКСПО-2025 В МОСКВЕ
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Hususy oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamak döwlet ähmiýetli wezipedir
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň açylmagyna badalga berdi
Azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň sergisi
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji