11-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçen sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 8-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini nygtady.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Türkmennebit döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň başlygy Berdigylyç Çaryýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Hasabat ýygnagynda ýurtda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, toplumyň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, Galkynyş gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny üns merkezinde saklamak, howanyň dürli şertlerine görä, önümçilik kuwwatlyklarynyň bökdençsiz işini guramak, möwsümleýin işleri talabalaýyk alyp barmak, gazyň we nebitiň çykarylyşynyň netijeliligini artdyrmak, gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew hem gatnaşdy, diýip oilgas.gov.tm saýtynda habar berildi.