Hasabat: "Rus raketasynda Günbatar döwletlerine degişli bölekler bar"

Hasabat: "Rus raketasynda Günbatar döwletlerine degişli bölekler bar"

ABŞ-nyň CNN telewideniýe kanaly tarapyndan berilen habara görä, Çaknyşyklary we ýaraglary öwrenmek guramasy (CAR) Russiýa tarapyndan Ukrainanyň Harkow şäherine atylan Demirgazyk Koreýa degişli bolan ballistik raketanyň 290 aýry bölegini gözden geçirdi.

CAR tarapyndan taýarlanan hasabatda ady agzalan ballistik raketanyň bölekleriniň 75 göteriminiň merkezi ABŞ-da ýerleşýän kärhanalara degişli firmalar tarapyndan öndürilendigi we satylandygy, 16 göteriminiň Ýewropanyň kärhanalaryna, 9 göteriminiň Aziýadaky kärhanalara degişligi öňe sürüldi.

ABŞ-da Prezident Jo Baýdeniň ýolbaşçylyk etemgindäki hökümet 2022-nji ýylda Eýran ýaly ýurtlaryň Günbatar tarapyndan öndürilen tehnologiýalara elýeterliginiň öňüni almak üçin käbir eksport çäklendirmelerini we käbir sanksiýalary girizipdi.

CAR tarapyndan geçen ýyl taýarlanan hasabatda, Eýranda öndürilen uçarmansyz uçarlaryň Russiýanyň Ukraina garşy ulanan bölekleriniň 82 göteriminiň ABŞ-nyň kärhanalary tarapyndan öndürilendigi öňe sürülipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Ukraina, Russiýa Degişli Su-34 Kysymly Harby Uçary Urup Düşürendigini Habar Berdi
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Ukraina Guran Soňky Hüjüminde 7 Adam Ýogaldy
Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy
Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi