Has sessiz uçarlar

Howa menziline golaý ýerde ýaşaýanlar uçarlaryň sesine öwrenişmeli bolýarlar.Sebäbi howa gämileri ýokary göterilenlerinde we ýere gonanlarynda güýçli ses çykarýar.Amerikan aerokosmos edarasy NASA uçarlaryň gonýan mahaly çykarýan sesini 70 göterim azaldýan usuly synagdan geçirdi.

NASA-nyň Wirginiýa ştatynyň Lengli diýen ýerindäki desgasynda işleýän hünärmenler “Gulfstream III” uçarynda garşylyk görkezmeýän bölekleri barlap gördüler. Şolaryň arasynda uçaryň gonýan wagty howa akymyna rugsat berýän gonuş gurluşynyň örtükleri we beýleki abzallar bar.Bu usulyň ýolagçy uçarlarynda haçan peýdalanylyp başlanjakdygy aýdylmady. Ýeri gelende aýtsak, gündelik durmuşymyzda ulanylýan tehnologik açyşlaryň köpüsiniň ilki awiasiýa we kosmos pudagy üçin işlenip taýýarlanandygyny ýatlatmalydyrys. Şeýle bolansoň, bu usulyň hem howa gämileri bilen bir hatarda, aşhanamyzdaky islendik enjamda peýdalanylmagy hem mümkin.

Ýene degişli makalalar

BBC: ylham berýän 100 zenan
Adamlar zerarly Marsda takmynan 7,12 tonna kosmiki zyňyndy toplanypdyr
Astronomlar ýaşaýyş üçin ýaramly çaklanýan 85 sany planetany tapdylar
“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
Mars Günüň aňrysynda “bukuldy”
Türkmenistanda täze athana açyldy, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyr gurluşyklarynyň taslamalary bilen tanyşdy, Türkmenistan — Özbegistan futbol duşuşygynyň petekleri satylyp başlandy we beýleki habarlar
Rus kosmonawtlar 8 sagat açyk kosmosda boldular