Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi

Has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawy düzüldi

J.D.Power amerikan analitik kompaniýasy has rahat oturgyçly täze awtomobilleriň sanawyny düzdi.Hünärmenler gözlegiň çäginde täze ulagy satyn alan ýa-da kärendesine alan we 2021-nji ýylyň fewral aýyndan iýul aýy aralygynda 90 gün süren 111 müňe golaý sürüji bilen pikir soraşma geçirdiler.

Reýting belli bir markanyň ýa-da modeliň her 100 awtomobili üçin oturgyçlaryň rahatlygy bilen bagly şikaýatlaryň sanyna esaslanýar.Bu barada tarantas.news habar berýär.

Şeýlelikde, köpçülikleýin ykjam awtoulaglaryň arasynda birinji orny Hyundai Elantra eýeledi. Awtomobil 5,7 bal gazandy. Onuň yzyndan Honda Civic (7,5 bal) we Volkswagen Golf (7,8 bal) gelýär. Orta ölçegli ýeňil awtoulaglaryň arasynda Honda Clarity (5,3 bal) ýeňiji boldy. Ikinji orunda Dodge Charger (5,5 bal) ýerleşdi. Üçünji orny bolsa Nissan Maxima (5,8 bal) eýeleýär.

Ykjam krossowerleriň kategoriýasynda birinji orny Nissan Rogue eýeledi. Onuň netijesi 4,2 bal boldy. Ikinji orunda Ford Mustang Mach-E (7,0 bal), üçünji orunda Honda CR-V (7,1 bal) gelýär. Orta ölçegli krossowerleriň arasynda birinji orunda Chevrolet Blazer (6,1 bal) ýerleşdi. Ikinji orny Hyundai Palisade (6,4 bal), üçünji orny Nissan Murano (7,1 bal) eýeledi.

Doly ölçegli pikaplaryň arasynda birinji orun RAM 1500-e (6,3 bal) degişli. Ikinji orunda Ford F-150 (6,4 bal), üçünji orunda GMC Sierra (6,7 bal) ýerleşýär.

Premium ýeňil awtoulaglaryň arasynda iň gowusy Porsche 718 (4,6 bal) boldy. Onuň yzyndan bolsa Lexus RC (4,7 bal) we Genesis G90 (4,9 bal) gelýär. Premium-krossowerler kategoriýasynda birinji orna Lexus UX (4,4 bal) mynasyp boldy. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Lexus LX (5,8 bal) we BMW X4 (6,1 bal) eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Gibrid ulaglaryň sany artýar
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Ýaşy 3 ýyl bolan iň ygtybarly awtomobiller belli edildi
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Täze nesil Lexus LX SUV awtoulagy 14-nji oktýabrda tanyşdyrylar