Sürüjisiz ulaglaryň synagdan geçirilýän şerleriniň biri bolan ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda harytlary salgysyna özbaşdak eltip bilýän maşynlar işlenip taýýarlanýar.Kiçi göwrümli bu ulaglaryň ýakyn geljekde işe giriziljekdigi mälim edildi.
Bu hyzmaty ýola goýmak üçin tagalla edýän “Nuro” atly kompaniýa “R2” atly ulaglaryny synagdan geçirýär.Bu ulaglaryň tizligi 56 km/sagat bilen çäklendiriler we diňe howanyň açyk wagty müşderilere hyzmat eder.
Kaliforniýanyň motorly ulaglar bölüminiň müdiri Stiw Gordon bu ulaglaryň hereketi üçin degişli rugsadyň berlendigini habar berdi.R2 atly ulaglar hereketi dolandyrmak üçin radar we ähli tarapy görýän kamera bilen üpjün ediler.
Tigirli ulurak gapyrjaga meňzeýän awtonom ulagda sürüji üçin hiç zat niýetlenmändir.Ulag harydy müşderiniň salgydyna elteninde, müşderi onuň gapagyny özüne berlen açarsöz arkaly açýar.Mundan ozal bu ulaglar Tehas ştatynyň Hýuston şäherinde synagdan geçirilipdi.
Geçen ýylyň oktýabrynda “Google” kompaniýasynyň “Waymo” hyzmatynyň bir bölegi bolan “Phoenix” atly sürüjisiz ulaglar Arizonada işe girizilipdi.Häzirki wagtda “Alibaba” kompaniýasynyň goldaw bermeginde Hytaýyň Şanhaý şäherinde hem sürüjisiz ulaglar synagdan geçirilýär.
The post Harytlary salgysyna eltýän sürüjisiz ulaglar işe giriziler appeared first on Zaman Türkmenistan.