Eziz Watanymyzda täze döredilen we häzirki zaman ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylýan dokma kärhanalarynyň sanlylaşdyrylmagy dokma önümleriniň möçberini we görnüşlerini artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda Aşgabadyň dokma toplumyny, Türkmenbaşy dokma toplumyny, Jinsi toplumyny, Ruhabat we Gökdepe dokma toplumlaryny, Marynyň Ýeňiş tikin fabrigini görkezmek bolar.
Bu günki gün ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän täze haryt nyşanly önümlere halkymyz we daşary ýurtly alyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär. Muňa halk arasynda uly meşhurlygy gazanan Bedew haryt nyşanly jinsi önümleri, Bürgüt we Gala haryt nyşanly sport egin-eşikleri hem-de tikin-örme önümleri, şeýle hem Ýeňiş haryt nyşanly erkek köýnekleri aýdyň şaýatlyk edýär.
Watanymyzyň dokma senagatynyň işgärleri häzirki günlerden uly taýýarlyk görüp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýärler.Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiziň dokma önümçiligi fakultetiniň talyplary tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagtymyzda ýerleşýän dokma kärhanalarynda önümçilik tejribelerini geçip, hünärlerini kämilleşdirýärler.
Munuň özi biz — talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerimizi tejribe arkaly çuňňur özleşdirmegimiz, ukyp-başarnyklarymyzyň artmagy üçin uly ähmiýete eýedir.Biz — ýaşlaryň bilimli, ylymly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerimizi aýdýarys.
Sülgün MEKANMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20710