Haruki Murakaminiň täze romany aprelde çykar

Haruki Murakaminiň täze romany aprelde çykar

Görnükli häzirki zaman ýapon ýazyjysy Haruki Murakaminiň täze romany 13-nji aprelde ýurduň kitap dükanlaryna ýaýrar.

Romanyň ýordumy gizlin saklanýar. Bu barada Shinchosha neşirýatyna salgylanýan TASS ýazýar.

Neşirýat täze romanyň 1200 sahypadan ybaratdygyny habar berdi. Kitabyň bahasy 2970 iýen (22 dollar) bolar. Onuň elektron nusgasy hem çykarylar.

Bu Murakaminiň alty ýyllyk arakesmeden soňra birinji romanydyr, ýazyjynyň Komandoryň janyna kast edilmegi atly soňky romany 2017-nji ýylyň fewralynda neşir edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen häkimiýetleriniň ýasama spirtli içgiler wakasy barada dymmagy ilat arasynda nägilelik döredýär
Russiýaly mugallymlary türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi
Türkmenistanly uruş weterany Russiýanyň hem raýatlygyna kabul edildi
Balide ýanardag çogmagy bilen baglylykda, halkara howa uçuşlary ýatyryldy
BMG: howanyň üýtgemegi ykdysadyýetleri heläkleýjä öwrülýär