Donald Tramp we Kamala Harris millionlarça adam tarapyndan görülen prezidentlik debatynda käbir meseleler boýunça jedelleşdi.
Harris Gannibal Lekter ýaly toslama adamlar hakynda gürrüň berenleri we
amerikalylara ýel degirmenleriniň rak keseline sebäp bolýandygy
hakyndaky sözleri sebäpli Trampy tankyt etdi.
Tramp Harrisi Ysraýyly ýigrenýänlikde günäkärledi.
Olaryň janköýerleri gazaplanan hem bolsalar, dünýäniň galan bölegindäkiler nobatdaky Amerikan prezidentiniň Gazadaky, Ukrainadaky we Sudandaky pajygaly çaknyşyklaryň bes edilmeginde nähili pozisiýa eýelejekdigi bilen gyzyklanýar.