Harris Trampdan öňde barýar

ABŞ-nyň wise-prezidenti, Demokratik partiýanyň dalaşgäri Kamala Harris Respublikan partiýadan bäsdeşi Donald Trampa garanyňda, pikiri soralanlaryň arasynda 2 göterim öňde barýar. Muňa “ABC News” we “Ipsos” tarapyndan geçirilen pikir soralyşyklar güwä geçýär.

Pikir soralyşyklaryň netijelerine görä, pikiri soralanlaryň 50 göterimi Harrisa ses berdi, 48 göterimi bolsa, Trampa bolan goldawyny mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde, 2 göterim aralyk, eýýäm, hasaba alnan saýlawçylaryň arasynda hem saklanyp galýar, olaryň 49 göterimi Demokratik partiýanyň dalaşgärini, 47 göterimi bolsa, Respublikan partiýanyň dalaşgärini goldaýar.

Pikir soralyşyk 2 müň 631 amerikalynyň arasynda iňlis we ispan dillerinde onlaýn geçirildi.

ABŞ-da Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler. Demokratik partiýa wise-prezident Kamala Harris, Respublikan partiýa ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp wekilçilik eder.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Ýylyň jemleri 2024: Türkmen jemgyýetinde syýasy maýlama hyjuwlary batlandy
Harris raýatlaryň goldawy boýunça Trampdan öňde barýar
Kamala Harrisiň mitingi protest edildi
Kamala Harris Prezidentlige Saýlanan Halatynda Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
Tramp: "Kamala çykyşynda edil kommunist ýaly boldy" diýdi