Harris raýatlaryň goldawy boýunça Trampdan öňde barýar

Harris raýatlaryň goldawy boýunça Trampdan öňde barýar

ABŞ-nyň Wise-Prezidenti Kamala Harris raýatlaryň goldawy babatda öňki döwlet Baştutany Donald Trampdan ozdurýar.

Muňa ýurduň YouGov guramasynyň CBS News teleýaýlymy bilen bilelikde geçiren pikirsoraşmasynyň netijeleri güwä geçýär diýip, Report ýazýar.

Pikirosoraşma 30-nji iýul — 2-nji awgust aralygynda geçirildi. Oňa bellige alnan saýlawçylaryň 3102 sanysy gatnaşdy.

Habarda Harris üçin pikiri soraşylanlaryň 50 göteriminiň ses bermekçidigi bellenýär. Şunda Trampy saýlawçylaryň 49 göterimi goldap biler.

Žurnalistler ABŞ-nyň Prezidentiniň orunbasarynyň hatda üçünji dalaşgär bolaýan ýagdaýynda hem Trampdan ozjakdygyny ýazýarlar. Gürrüň garaşsyz dalaşgär Robert Kennedileriň kiçisi barada barýar. Şu ýagdaýda Harrisi saýlawçylaryň 49 göterimi, Tramp we Kennedileriň kiçisi degişliikde, sesleriň 47 we 2 göterimini alardy diýip, olar belleýärler.

Pikir soralyşygyň netijelerine görä, Harris üçin ses berjekleriň munuň üçin dürli sebäpleri bar. Şol sanda saýlawçylaryň 41 göterimi öňki döwlet Baştutanynyň wezipä gaýdyp gelmegini islemeýärler, ýene 34 göterimi Harrisi şahsy garaýşy boýunça, 24 göterimi bolsa, onuň Demokratik partiýa degişlidigi üçin goldap bilerler.

ABŞ-da Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçer. Öň saýlawlarda Demokratik partiýadan häzirki Prezident Jo Baýden dalaşgärlik eder diýlip garaşylýardy. Emma ol 21-nji iýulda saýlawlara gatnaşmakçy däldigini yglan etdi we Wise-Prezident Kamala Harrisiň kandidaturasyny goldady.

Ýene degişli makalalar

Tramp bilen Harrisiň arasynda teleçekişme geçiriler
Harris we Tramp Prezidentlik Debatynda duşuşdy
Jozef Baýden dalaşgärlikden çekildi
Jo Baýden Prezident Dalaşgärliginden çekildi
“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”
Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar