Harmanyňyza bereket, gallaçy babadaýhanlar

Ýurdumyzyň edermen babadaýhanlary Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

8-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumlaryny taýýar etmek boýunça işler dowam edýär.

Döwlete tabşyrylan bugdaý üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görmek işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkimler ýurdumyzy 20222028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleri hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredýän amatly şertlerinden ruhlanan edermen daýhanlaryň Watan harmanyna bugdaýyň bereketli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdylar hem-de döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, edermen gallaçylaryň Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini, munuň bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekde möhüm ädimleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gazanan bu zähmet ýeňşi bilen Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylaryny tüýs ýürekden gutlap, täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde, ýurdumyzyň gallaçy daýhanlary tarapyndan Watan harmanyna 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Ýurdumyzda häzirki wagtda galla oragy dowam edip, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de olary talabalaýyk ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, indiki ekiş möwsüminde ulanyljak bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär.

Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek, önümleri sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, şu ýylyň güýz paslynda bu ekinleriň ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynda bolsa güýzlük gant şugundyryny ekmek, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ussat gallaçylarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmeti bilen ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilýändigini, bu ugurda gallaçy daýhanlarymyzyň alyp barýan işleriniň aýratyn bellenilmäge mynasypdygyny aýtdy.Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda jogapkärli möwsüm bolan galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekip, edermen gallaçylaryň bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap aljakdyklaryna berk ynam bildirdi.

* * *

10-njy iýulda ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Edermen gallaçylar hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edýän tagallalary, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmekleri babatda döredilýän şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.Bellenilişi ýaly, oba zähmetkeşleri tehniki enjamlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de himiki serişdeler bilen üpjün edilýär.

Döwletimiz tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan ýokary öndürijilikli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.Munuň özi bu jogapkärli möwsümiň ýokary netijelere beslenmegine ýardam berýär.

Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagy, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň zähmet öndürijiligini artdyrýar.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli welaýatlarda daýhanlaryň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Munuň özi edermen daýhanlarymyza ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini tabşyrdy
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly alyndy