Harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy barada hasabat berildi

Harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy barada hasabat berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 31-nji oktýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde dürli meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, ýaşlaryň söweşjeň taýýarlygy bilen bir hatarda, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, goşunlara kabul edilýän esgerleri harby gulluga dabaraly ýagdaýda ugratmak, harby gulluk möhletini tamamlan esgerleri ätiýaja goýbermek çäreleri ýörite meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Ýaş esgerleriň arasynda merdana pederlerimiziň edermenlik, watansöýüjilik we batyrlyk ýaly häsiýetleriniň mysalynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýörite duşuşyklar guralýar.

Ýene degişli makalalar

Aliýa Izzetbegowiç
Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça kanunlar kabul ediler
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi