10-njy awgustda Balkan welaýatynda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow günbatar sebitimizde ýerleşýän Harby-Deňiz Güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine geldi hem-de bu ýerde “Deňiz han” atly korwet kysymly harby gämi bilen tanyşdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz harby birikmäniň dolandyryş binasyna baryp, dessin nobatçylaryň awtomatlaşdyrylan iş nokadynyň wezipeleri bilen gyzyklandy. Dolandyryş nokady bilen tanyşlyk mahalynda, “Deňiz han” gämisiniň serkerdesi göni ýaýlyma çykyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa dabaraly harby-deňiz ýörişine başlamaga rugsat bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat berdi. Onda Harby-Deňiz Güýçleriniň, Döwlet serhet gullugynyň, Içeri işler ministrliginiň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň dürli kysymly gämileri, söweşjeň katerleri hem-de gaýyklary görkezildi. Olar ýurdumyzyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan deňiz çäkleriniň howpsuzlygyny hem-de eldegrilmesizligini üpjün etmek ugrunda eserdeň durýarlar.