Türkmenistanda hökmany goşun gullugynyň güýzki möwsümi dowam edýärkä, ýigitleriň bir böleginiň aladasy harby gulluga çagyryş bilen bagly bolsa, iki ýyllyk harby gullugy tamamlanlar bolsa goşundan öýlerine gaýtmak aladasy bilen başagaý bolýarlar. Esgerleri öýüne goýbermek üçin talap edilýän para şu ýyl hasam köpelipdir.
"Deňiz flotunda iki ýyllyk gulluk möhletini ýerine ýetiren esgerler gullukdan dekabrdan öň boşadylyp, ölerine gelmek üçin 5 müň manat para bermeli, üstesine harby lybaslary we aýakgap üçin ýene 1200 manat harby bölüme töleg etmeli" diýip, ýagdaýdan habarly balkanly çeşme 8-nji noýabrda gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşme Balkanyň guryýer goşunlarynda deňiz goşunlaryndan tapawutlulykda harby bölümleriň işgärleri tarapyndan soralýan paranyň mukdarynyň azyrakdygyny belledi.
Habarçylar häzir harby egin-eşikler üçin esgerlerden töleg almagyň düzgüne öwrülendigini, mundan öň harby geýimleriň gulluk borjuny tamamlan esgerlere mugt berlendigini aýdýarlar.
Çeşmeleriň sözlerine görä, goşundan gaýdýan esgerlere pul töläp, täze harby geýimleri satyn aldyrýarlar.
"Gullugy tamamlan esgerler köne harby lybaslarda öýlerine barsalar bu ýurduň abraýyny düşürýär. Şol sebäpli Goranmak ministrligi goşun gullugyny bitiren esgerlere gymmat bahadan harby lybaslary satýarlar. Şeýlede olar, gullukdan boşap gaýdýan esgerlere eşik satyp, goranmak pudagynyň girdejisini hem artdyrýarlar" diýip, Balkan welaýatynyň harby bölümleriniň birindäki çeşme gürrüň berdi.
Soňky iki ýylda goşun gullugyny tamamlan türkmenistanlylaryň Azatlyga gürrüň bermegine görä, esgerleriň geýimleri düzgüne görä ýylyň dowamyndan iki gezek çalyşmaly bolsa, iş ýüzünde ýylda bir gezek çalyşypdyr. Bu ýagdaý harby geýimleriň hiliniň ýaramazlygy bilen bilekde esgerleriň egin-eşiginiň sandan çykmagyna sebäp bolupdyr.
"Bir ýyllap geýlen harby eşikler saralyp ýyrtylýar. Esgerler geýimlerini ýamap geýmäge mejbur bolýar. Döwlet esgerleri ekläp bilenok, iýmit hem ozalkysyndan 35% kemeldildi" diýip, ýene bir çeşme goşundaky ýagdaýy suratlandyrýar.
Türkmenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Ýylda iki gezek güýzde we bahar aýlarynda geçirilýän goşuna çagyryş möwsümi ýaşlar we ene-atalar üçin örän aladaly geçýär.
Ene-atalar öz çagalary üçin has amatly gulluk şertleri gözleýärler we para bermekden hem saklanmaýarlar.
"Harby gulluga häzirki güýzki çagyryş we gullukdan boşatmak möwsüminde harby wekillik Balkan welaýatynda gulluga gitmeli ýaşlardan amatly welaýat harby bölümleri saýlamak mümkinçiligi üçin paranyň bahasyny täzeledi" diýip, çeşme aýdýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, şu günler ýerli harby bölümlerde has amatly şertli bölümlerde gulluk etmek üçin ýa-da harby gullugy 6 aýlyk wagtlaýyn yza süýşürmek üçin paranyň möçberi 30 müň manatdan başlanýar.
Çeşmeleriň sözlerine görä, para bermäge mümkinçiligi bolmadyk ýaşlaryň, şol sanda maýyplaryň goşun gullugyndan galmak ýa-da süýşürmek üçin hatda kanunda göz öňünde tutulan mümkinçiliklerden hem köplenç peýdalanyp bilmeýärler.
"Ýurtda esger ýetişmeýär diýip, ýarym maýyp oglanlary hem gulluga alýarlar. Ýolbaşçylara san bolsa bolýar. Biz üçin hem uly problema, ýarym näsag oglanlary getirip bize berýärler" diýip, harby çeşme aýdýar.
Azatlygyň habarçylary harby gulluga ýarawsyz raýatlaryň hem alynmagy bilen bagly ýagdaýlar barada öňem maglumat beripdi.
Goşun gullugyndaky agyr şertler, dürli bidüzgünçilikler we hatda esgerleriň ölümine sebäp bolýan zorluklar raýatlaryň harby gulluga islegsizligine getirýär. Problemalary açyk boýun almaýan türkmen häkimiýetleri goşundaky şertleri gowulandyrmak üçin çäre görmegiň ýerine goşunyň düzümini artdyrmak üçin raýatlara basyş we zor görkezmegini dowam etdirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.