Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Dänew etrabynda hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän aýrybaşga üç harby bölümde esgerleriň arasynda bolup geçýän iýmit zäherlenmeleri barada habarlar gowuşýar. Balyk önümlerinden taýýarlanýan tagamlar zäherlenmelere sebäp görkezilýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri bu hadysalaryň soňky iki hepde çemesi wagtyň dowamynda hasaba alnyp başlanandygyny aýdýarlar.
Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy bolan bir esger enesi ýaňy-ýakynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän oglunyň yzyndan barypdyr.
“Rotamadaky esgerleriň aglabasy iýmit zäherlenmesini başdan geçirýär” diýip, lebaply ene esger oglunyň 20-nji dekabrda aýdan sözlerini salgylanýar.
“Ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryň ählisine konserwirlenen sprat goşýarlar. Tüwi, mäş, nohut ýarmalary taýýarlananda hem ýany bilen gaplanan sprat berýärler” diýip, esger aýdýar.
Ol harby bölümde köpelip başlan iýmit zäherlenmeleri boýunça balyk önümlerine yşarat edilýändigini aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri şeýle hadysalaryň soňky hepdelerde Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky bir harby bölümde, şeýle-de Türkmenabat şäherinde Mugallymçylyk institutynyň golaýynda ýerleşýän bir harby bölümde hem hasaba alnyp başlanandygyny aýdýarlar.
“Harby bölümde üç-dört sany esger iýmit zäherlenmesini başdan geçirýär. Olar balyk spratyndan zäherlenipdir” diýip, ýaňy-ýakynda Türkmenabatda gulluk edýän erkek doganyny zyýarata baran aşgabatly zenan aýdýar.
Ol harby serkerdeleriň esgerleri hassahana ýerleşdirmeýändiklerini, muňa derek, esger hossarlaryna jaň edilip, zerur bolan dermanlaryň satyn aldyrylýandygyny aýdýar.
Esgerler gaplanan balyk önümleriniň möhletiniň geçendigini aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça ýurduň ýaragly güýçlerinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Harby bölümlerde konserwirlenen balyk önümleriniň esgerlere berilmegi soňky ýyllarda ýurt boýunça balyk konserwasynyň önümçiliginiň ýokarlanmagynyň yz ýanyna gabat gelýär.
Türkmen metbugaty Döwlet statistika komitetine salgylanyp, 2021-nji ýylda gaýtadan işlenen balyk we gaplanan balyk önümleriniň önümçiliginiň bir ýyl öňki ýagdaýlar bilen deňeşdirilende ýurt boýunça 44 göterim çemesi ýokarlanandygyny habar berdi.
Türkmenistanda 2018-nji ýylda balykçylyk pudagy hususylaşdyrylyp, bu pudaga degişli esasy kärhanalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan saytn alyndy.
2024-nji ýylyň tomsunda Balkan welaýatynyň Magtymguly (öňki Garrygala) etrabynda gulluk borjuny ýerine ýetiren öňki esger Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýrybaşga söhbetdeşlikde esger menýularyndaky tagamlaryň hiliniň pes bolandygyny, naharlara möhleti geçen önümleriň goşulýandygyny tassyklady.
“Biz otrýatda’ gulluk edýän döwürlerimizde naharlara näbelli bir haýwanyň etini goşup berýärdiler. Pil etiniň berilýän bolmagy hem mümkin. Ýöne zastawa’ geçirilenden soňra, ýagdaý biraz gowulandy, sebäbi özümiz dag haýwanlaryny awlap iýýärdik” diýip, öňki esger aýdýar.
Ol serhet galalarynda gulluk eden döwürlerinde nar, injir, böwürslen ýaly dürli görnüşli miweleri, tebigatda bitýän dermanlyk ösümlikleri, galyberse-de kömelegiň dürli görnüşlerini ýygnap iýmäge, käkilik awlap nahar taýýarlamaga mümkinçilikleriniň bolandygyny aýdýar.
Öňki esger harby naharhanalarda arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmeýändigini aýdýar.
Azatlyk Radiosy ýurduň harby bölümleriniň iýmit we arassaçylyk ýagdaýy, üpjünçilik meseleleri, esgerleriň arasynda giň ýaýran ruhy peslik, harby serkerdeleriň baş goşýan para-peşgeş işleri barada yzygiderli habar berip gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.