6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 10 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan ýer titremelerinden soň gözleg we halas işleri güýçli depginde dowam edýär.
Ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalyklaryndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär.
Ýer titremesinden 178 sagat soň Adyýamanda ýykylan binanyň harabalygynyň aşagynda galan 6 ýaşyndaky Miraý bilen Hataýyň Antakýa etrabynda 70 ýaşyndaky Nuraý Gürbüs sag aman halas edildi.
Ýer titremesinden 177 sagat soň hem Hataý welaýatynyň Antakýa etrabynda 26 ýaşyndaky Derýa Akdogan bilen Adiýamanda 35 ýaşyndaky Bünýamin İdajy harabalykdan sag aman çykaryldy.
Gaziantepde ýykylan binanyň harabalygynda galan 40 ýaşyndaky Sibel Kaýa, 170 sagat soň sag aman halas edildi.
Adyýamanyň Bensi etrabynda 60 ýaşyndaky Erengül Önder 166 sagat soň, 10 ýaşyndaky Asima Baltajy bolsa 158 sagat soň sag aman halas edildi.
Hataýyň Antakýa etrabynda 77 ýaşyndaky Ömer Ateş hem 4 gatly binanyň harabalygyndan 163 sagat soň halas edildi.