Harabalygyň Aşagyndan Şatlykly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Türkiýäni ýasa bogan güýç merkezi Karhamanmaraş bolan ýer titremesinden soň ýüzlerçe halas ediş topary we müňlerçe meýletin harabalygyň aşagyndan şatlykly habarlaryň alynmagy üçin gije-gündiz diýmän işleýär.

Ýer titremesiniň üstünden birnäçe sagadyň geçendigine garamazdan harabalygyň aşagyndan begendiriji habarlar gelmäge dowam edýär.

Hataýda harabalygyň aşagynda galan 2 zenan 48 sagat soň halas edildi.

Gözleg we halas ediş toparlary 52 ýaşyndaky Mona Gazel bilen 74 ýaşyndaky Nejla Melegy harabalygyň aşagyndan sag aman halas etdi.

Gazel bilen Melek hassagahanada bejergi astyna alyndy.

Gözleg we halas ediş toparlary Hataýyň İskenderum etrabynyň Mustafa Kemal etrapçasynda siriýaly 33 ýaşyndaky İmed Sabha bilen 2 ýaşyndaky gyzy Wafe Sabhany sag aman halas etdi.

Hataýyň merkezinde Ugur Mumju köçesinde ýykylan binanyň harabalygyndan bir çaga 45 sagat soň sag aman halas edildi.

Adyýamanda hem 36 sagat soň bir bäbejik harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi.

Şanlyurfada 5 gatly binadan 6 ýaşyndaky Ahmet Aýak Abaka 47 sagat soň sag aman halas edildi.

Ýene degişli makalalar

Müsüriň kenar ýakasynda 31 jahankeşdeli gämi gark boldy
Indoneziýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Şwed alymlary: ukusyzlyk adamy bäş ýyl garradýar
La-Manşda 1641-nji ýylda gark bolan altynly gämini gözleýärler
Türkmen talyby Daşkentde halkara sylaga mynasyp boldy
Rus Hüjümlerinde Köp Sanly Ukrain Raýaty Öldi