Germaniýanyň iri awiakonserni “Lufthansa” ýolagçylaryna “Hanymlar we jenaplar!” diýip ýüzlenmegi bes etmek kararyna geldi.Bu sözüň ýerine nemes we iňlis dillerinde “Salam!”, “Hoş geldiňiz!”, “Ertiriňiz haýyr”, “Gadyrly myhmanlar!” ýaly gender taýdan bitarap sözler ulanylar.
Bu barada Germaniýanyň “Bild” neşiri habar berýär.Jyns taýdan bitarap dile geçmeklik diňe ýolagçylar bilen gatnaşykda däl, eýsem kompaniýanyň içinde aragatnaşykda hem ulanylar.
“Lufthansa Group” konsernine “Swiss International Air Lines AG”, “Austrian Airlines” we “Eurowings” awiakompaniýalary hem degişlidir.