Hanlar hany Baýran han

Ruhy medeniýetimiziň howandary hormatly Prezidentimiz “Türkmen halkynyň ençeme alymlary, şahyrlary uzak asyrlaryň dowamynda öz köptaraply ylmy we ajaýyp çeper eserleri bilen türkmeniň adyny şöhratlandyrdy. Olar ylmy we çeper döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşdular” diýip jaýdar belleýär. Oguzhan kowumly bäş müň ýyllyk taryhly halkymyzyň geçmişine nazar salanyňda muny aýdyň görmek bolýar.

Halkymyzyň milli edebiýatynyň taryhynda görnükli yz galdyran şahsyýetleriň biri-de beýik söz ussady, serkerde we döwlet işgäri Baýram han Türkmendir.

Baýram han Türkmen 1501-nji ýylda Badahşanda Seýfaly begiň maşgalasynda dünýä inýär.On alty ýaşyndan başlap ol Mogol patyşalaryna gulluk edip başlaýar.Baýram ir ýetim galyp, maşgalasy bilen Balha göçüp barýar.

Harby düzgün-nyzamy bilen gurşalan Balh şäheri bu ugra höwesek ýetginjegiň durmuşynda aýdyň ýol açýar.Diýseň erjel, guýma-gursak dogumly Baýram ýaşlygyndan harby işde kämilleşip ugraýar.Netijede, harby iş ýaş ýigidiň ykbalyna öwrülýär.

Harby ýaraglara ussatlyk bilen erk edip bilen ýaş harby gullukçyny hökümdarlar ýany bilen dürli harby ýörüşlere äkidip başlaýarlar.

Öz döwrüniň tanymal serkerdesi Muhammet Zahyreddin Babyryň harby düzüminde gulluk edip başlamagy bilen Baýram has kämilleşýär.Merdana serkerde Muhammet Babyr şygyr sungatyna aýratyn gadyr goýansoň, onsoň-da, harby ussatlygyny nazara alyp Baýram hany özüne ýakyn ýaran edinýär.

Baýram uzak harby işlerde Babyra öz döreden setirlerini okap berýär. Şygryň ylham badasyndan gana-gana içip, köňlüni joşa getirýän Muhammet Zahyreddin Babyr goşgy setirlerinden ruhy lezzet alýar.Soň-soňlar Baýram döwürdeş alymlary, şahyrlary, sazandalary bilen ýakyn gatnaşykda bolup, kämillige ýetýär.

Wagtyň geçmegi bilen Baýramyň başarjaňlygy Babyryň ogly Humaýunyň gözüne ilip, atasyndan ony öz gullugynda işlemegi üçin diläp alýar.Baýramyň her bir işe ukyby, asyllylygy, edermenligi şazadada ol hakynda örän ýagty pikirleri oýarýar. Şunlukda olar syr alyp, syr berişýän dostlara öwrülýärler.

Humaýun Baýramy ýokary derejelere götermegiň aladasyny edipdir.Humaýun owgan hökümdary Şir şanyň garşysyna söweş edende, Baýram han uly merdanalyk görkezip, öz ýolbaşçylygyndaky goşunyny duşman gabawundan çykaryp, halas edýär.

Kandagary we Şirhindi eýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, Humaýun oňa ozalky harby hyzmatlary üçin berlen han derejesiniň üstüne iň ýokary harby dereje bolan han-hanan, ýagny hanlar hany diýen derejäni berýär. Şunlukda Humaýunyň baş geňeşdaryna öwrülen Baýram han onuň ýaşajyk şazada ogly Akbaryň terbiýeçisi edilip bellenýär.

Humaýun aradan çykandan soň şa tagtyna Akbar geçýär. Emma, ähli döwlet işini şol döwürde Baýram han alyp barypdyr. Onuň tagallasy bilen ol döwürde döwletde, harby goşunda tertip-düzgün berk ýola goýlupdyr. Baýram han esgerleriniň söweşjeňlik ruhuny galdyrmagy, olaryň söweşjeňlik hyjuwyny artdyrmagy başarypdyr.

Baýram han kämil çykansoň Humaýunyň uýasynyň gyzy Selime Soltana öýlenýär.Selime Soltan şygryýetde özüni tanadan, edep-ekramly, mähir-mylakatly zenan bolupdyr.Ol öz şygyrlaryny Magfi lakamy bilen ýazypdyr. Şygyrýete bolan çuňňur höwesi ony Baýram han bilen has ysnyşdyrypdyr.

Ol köşkde aram-aram şahyrlary üýşürip, edebiýat agşamlaryny geçiripdir.Baýram han arap, pars we türki dilleri suwara bilip, ol dillerde çuň mazmunly şygyrlary döredipdir.Onuň galamynyň astyndan türkmen we pars dillerinde iki sany goşgular diwanyny dünýä inipdir. Şol döwürde şygryýet bilen nur saçýan Gündogarda kasydaçylyk däbi ýörgünli bolansoň, Baýram hem ýazan şygyrlarynda galapyn kasydaçylyk däbine eýeripdir.

Beýik akyldar şahyryň şygyrlarynda ynsanperwerlik, söýgi-lirika, gahrymançylyk ündewleri eriş-argaç bolup geçipdir.Gazal ýazmakda bolsa ol has belent at-abraýa eýe bolupdyr. Çünki soň-soňlar şol döwrüň edebiýatynda gazal formasy ör boýuna galypdyr.

Eý, gul wysal, haçana çen meýlisiňden daş bolmaly?

Didaryňa zar bolup men, sen özüňden hoş bolmaly?

…Haçana çen meni gamga goýup, özüň şat bolar sen,

Haçana çen biz biçäre gam bilen syrdaş bolmaly?

Beýik akyldar şahyryň “At kylmadyň”, “Tapylmas”, “Köňlüm”, “Gözleriň”, “Binowalarga” ýaly onlarça gazaly çuňňur many-mazmuna eýedigi bilen halk içinde dillerden düşmän gelipdir.

Wepadarlygy, alyp baran beýik işleri göz öňünde tutulyp, Baýram hana Humaýun şa tarapyndan Hanlar hany, Wepadar dost, Ýagşy gylykly dogan, Bagtyýar ogul, Atalyk (Ekberiň terbiýeçisi) ýaly hormatly derejeler berlipdir. Akbar şa bolsa oňa Han baba diýip ýüzlenipdir.

Hanlar hany, beýik serkerde, döwlet işgäri we beýik akyldar şahyryň halkyna goýan edebi mirasy bahasyz gymmatlykdyr. Halkymyz özüniň merdana oglunyň hormatyny belentden tutup, onuň heýkelini paýtagtymyz Aşgabadyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky iň gözel seýilgähinde bina etdi. Tanymal heýkeltaraş Mommy Seýitmyradowyň döreden bu heýkeli beýik serkerdäniň merdana keşbiniň bakydygynyň beýany bolup, kalplarda buýsanç duýgularyny oýarýar.

Maksat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.

The post Hanlar hany Baýran han appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Baýram han Türkmen watansöýüjiligiň nusgasy
WELAÝAT TEATRLARY FESTIWALA TAÝÝARLYKLY GELDILER
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Etniki türkmen gyzy: Owganystanda aýal-gyzlaryň arzuwlarynyň puç bolanyna üç ýyl boldy
Gujurly Bilim Merkezi: Golden Bookmark bäsleşigi iň zehinli okyjylary saýlady