Geçen ýylyň aýagynda birbada iki 'syýasy tussagyň' azat edilmegi Türkmenistanda onlarça ýyl bäri saklanyp galýan adam hukuklary ýagdaýynyň üýtgemek ähtimallygyna, az hem bolsa, umyt döretdi.Gökdepeli lukman Hursanaý Ismatullaýewa, balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe gabat günäsi geçilen 308 tussagyň arasynda azatlyga çykdy.
Emma ýurtdaky ýapyklyk, hususan-da türme, tussaglyk bilen bagly maglumatlaryň ýaşyryn saklanmagy sebäpli, bu iki tussagyň biriniň azatlyga çykany bir hepde soň daşary ýurtlara syzyp çyksa, ikinjisi baradaky habar diňe Täze ýyldan soň belli boldy. Şol bir wagtda, olaryň boşadylmagy bir tarapdan begençli bolan bolsa, ikinji tarapdan, syýasy tussaglaryň azatlyga çykmagy ýaly gowy, özüni hukuk döwleti atlandyrýan ýurda abraý getirjek maglumatyň hem şeýle gijigip çykmagy emele gelen adam hukuklary ýagdaýynyň tasdan öňki durkunda galýandygyny görkezip, hukuk goraýjylaryň begenjine 'kölege' saldy.
Bu ýagdaý barada Azatlyga pikirini aýdan synçylaryň çakyna görä, Serdar Berdimuhamedowyň birden iki tussagy azat etmegi, bir tarapdan, onuň täze prezident hökmünde abraý almak isleýändigini görkezse, ikinji tarapdan, tussaglykdan çykanlaryň azatlykda hem tussag ýaly gorkuda galmagynyň dowam etmegi Saparmyrat Nyýazowyň mekdep okuwçylaryny jeza öýlerine ekskursiýa aýlamak baradaky isleg-arzuwlarynyň döreden howatyrlarynyň diňe TW ekranlarynda galmandygyny yşarat etdi.
Türkmenistanda türmäniň we kanunlaryň halky gorkuzmak, berk tabynlykda, sessiz saklamak üçin “ýarag hökmünde ulanylýandygyny” öňe sürýän ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow gorky ýagdaýynyň ilkinji prezident döwründe başlanandygy barada öňden aýdyp gelýän pikirlerini gaýtalap, her niçik hem bolsa, wyždan ýesirleriniň azat edilmeginiň özünde ýurduň üýtgejegine biraz umyt döredendigini aýtdy. Ýöne ol Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde Ismatullaýewa bilen Allaberdiýewiň türmeden boşadylyp, Nurgeldi Halykow, Myrat Düşemow, Mansur Mingelow ýaly tussaglaryň “gözden salynmagynyň”, halkara guramalarynyň we halkyň öňünde aňsat abraý alanyňa görä, has ulurak abraý almakdan saklanmagyň sebäbine düşünmegiň özüne kyn düşýändigini hem boýun aldy.
“Geň görmeli zat, [tussaglykdan] boşadylanlaryň basylan ýylyny alyp görsek, 2020-nji, 2021-nji ýyllar, şol ýyllarda Ismatullaýewa 9 ýyl berildi, Düşemowa, Halykowa hem, hersine 4 ýyl berildi, ýöne näme üçindir olary boşatman, diňe şu iki tussagy boşatdylar diýen soraga jogap tapmak kyn. Ýöne halkara guramalary bu adamlaryň hemmesi barada mesele goýup gelýär” diýip, Hanamow bu adamlaryň türmä basylmagynda tapylan bahanalaryň’ tasdan birmeňzeş bahanalar bolup görünýändigini belledi.
Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowanyň Azatlyga ýazmaça beren düşündirişinde aýtmagyna görä, Allaberdiýewiň we Ismatullaýewanyň höküm edilen türme möhletlerinden has öň azatlyga çykmaklarynyň iň esasy we birinji sebäbini olaryň garyndaşlarynyň batyrgaýlygyndan, ýagny Pagambergeldiniň we Hursanaýyň bikanun tussag edilendigini gorkman, wagtynda degişli ýerlere ýetirmegi başarandyklaryndan gözlemeli.
“...jenaýat işiniň gaplaşdyrylandygyny, kazyýetiň çykaran kararynyň adalatly bolmandygyny subut edýän faktlary getirip, bada-bat çykyş eden we häkimiýetlere basyş görkezen adam hukuklaryny goraýjylar, žurnalistler, aktiwistler hem olaryň türmeden boşadylmagynda uly rol oýnady” diýip, Begmedowa pikir edýär.
Bu tagallalar Ýewropa parlamentiniň deputatlar toparynyň we hukuk goraýjylaryň Ismatullaýewanyň azat edilmegi baradaky talap bilen Türkmenistanyň prezidentine ýüz tutmagyna, BMG-niň Allaberdiýewiň eden-etdilikli ýagdaýda saklanandygy barada karar çykarmagyna alyp geldi.
Olaryň haýal etmän boşadylmagyna çagyrylýan beýleki wyždan ýesierlerinden tapawutlylykda, açyk düşündiriş bermezden azatlyga goýberilmegi, bir tarapdan Türkmenistanyň hukuk goraýyş ulgamyndaky hünär başarnyksyzlygynyň açyk boýun alynmagy bolsa, ikinji tarapdan ýurduň kazyýet ulgamynda bolmaly aç-açanlygyň düýpden ýokdugyny tassyk edýär diýip, hukuk goraýjy ýazdy.
Şeýle-de, Begmedowanyň pikiriçe, prezident edarasy bu göçüm arkaly Serdar Berdimuhamedowy kakasyndan miras galan biabraýçylykdan daşlaşdyrmaga, aklamaga çalyşýar.
“2007-nji ýyl gaýtalanýar, şol ýyl Berdimuhamedow-ata Kolumbiýa uniwersitetinde özüniň ýaş, häzirlikçe ýolbaşçylyk etmegi öwrenýän prezidentdigini aýdyp, özüni aklapdy...” diýip, Begmedowa Azatlyga beren düşündirişinde aýtdy.
"Gynansak-da, ýurduň häzirki ýokary ýolbaşçylarynda öz ýalňyşlaryny boýun alar ýaly syýasy erk-ygtyýar ýok.Türkmen emeldarlary 30 ýyllyk garaşsyzlyk döwründe repressiw we korrumpirlenen dolandyryş usullaryna endik etdiler, olar indi başgaça işläp bilmeýärler, munuň üstesine, jeza berilmeginden howatyrlanyp, olar inisiatiwa görkezmäge, täzeçe işlemegi teklip etmäge hem gorkýarlar” diýip, Begmedowa hem bu ýagdaýylaryň Nyýazow döwründe başlanandygy baradaky pikir bilen ylalaşýandygyny bildirdi.
“Mundan öň Berdimuhamedow-ata (hünäri boýunça medik) S.Nyýazowyň awtoritar režimini kabul edip aldy; Gurbanguly awtokratiýadan başga ulgamy bilmeýärdi we [ýurdy] edil Nyýazowyň dolandyryşy ýaly dolandyrmaga ýykgyn etdi.
Indi Serdar Berdimuhasmedow hem şol sürçegi çykarylan ýodadan barýar. Ýewropada, Moskwada okandygyna garamazdan, ol hem, onuň töweregindäkiler hem, sebitlerdäki türkmen emeldarlary hem köneçe pikirlenmegi dowam etdirýär.Olar goýberilen ýalňyşylary boýun almagyň mertlik görkezmek däl-de, eýsem, azyndan ýurt üçin masgaraçylykdygyna we hatda ýurduň durnuklylygyna wehim salýandygyna ynanýarlar” diýip, Begmedowa elektron poçta arkaly iberen düşündirişinde ýazdy.
Ozalky diplomat Hanamowyň pikiriçe, syýasy tussaglaryň ýa-da wyždan ýesirleriniň, beýleki tussaglar ýaly, Türkmenistanda kada bolan toba etdirmek’, ötünç soratmak’ praktikasynyň çäginde, galplaşdyrylan jenaýat aýyplamasyndan doly aklanylman, şertli ýagdaýda, sesini çykarman oturmak wadasy astynda azatlyga goýberilmegi ýurduň hukuk döwleti adyna düýpden ters gelýär.
“Bular doly aklanyp boşadylan adamlar däl... Ozalam şular ýaly ýagdaýlar boldy” diýip, Hanamow tussagdan boşadylanyndan soň öz obasyndan çykmasyz, hiç kim bilen gürleşmesiz edilen, pasport berilmedik adamlaryň bolandygyny belledi. “Meniň pikirimçe, bular hem şolar ýaly şerte boýun edilip boşadylan bolmaly.”
Şeýle-de, ýaşuly aktiwistiň ynanjyna görä, "Serdar Berdimuhamedow ýaly ýaş adama sowet-partiýa mekdebiniň terbiýesini alan Saparmyrat Nyýzowyň dolandyryş tejribelerini ulanmak hiç bir abraý getirmez we, eger adamlary mümkin boldugyça kän türmeden geçirmek, aç-hor saklamak, ezmek praktikasyndan düýpli el çekilmese, ýurtdaky ýagdaý üýtgemez".
Hanamow Nyýazowyň hakykatda SSSR-de uly türme ulgamyny döreden we millionlarça adamy türmeden geçiren Staline uly hormat goýandygyny, türmäniň adamlary gorkuzmakda oýnaýan roluna uly baha berendigini, adamlary elekden geçiren ýaly’ edip, türmeden geçirmeli diýmegi gowy görendigini belläp, onuň mekdep okuwçylaryny türmelere ekskursiýa aýlamak, ol ýerde jezasyny çekip oturan tussaglaryň gözgyny ýagdaýyny gören çagalaryň ulalanda kanuny bozmajakdygy baradaky sözleriniň döwlet telewideniýesi arkaly bütin halka hem ýetirilendigini ýatlatdy.
Öňki diplomatyň tassyklamagyna görä, Nyýazow türmeden geçirilen adamlar soň azatlykda açlyk-horluga kaýyl bolarlar, hökümeti tankytlap, nägileliklerini daşyna çykarmakdan gorkarlar diýip pikir edýärdi.
Eýsem, Serdar Berdimuhamedowyň diwany ýurtda tankyt edilýän adam hukuklary ýagdaýynyň gowulyga tarap üýtgemegi üçin näme etmeli ýa-da näme edip biler? Hukuk goraýjy Begmedowa bu soraga şeýle jogap berdi:
"Öňki ýolbaşçylaryň ýalňyşlyklaryny boýun almak heniz giç dälkä, ozaly iş ýüzündäki reformalara başlamaly. Şol sanda kadr meselesinde, aýdaly, pudaklaryň ählisindäki, hususan-da hukuk goraýyş we kazyýet ulgamyndaky korrumpirlenen ýaranjaňlary öz hünäriniň ussatlary bolan adamlar bilen çalyşmaly. Baltika ýurtlarynda edilişi ýaly, garaşsyz bilermenleri hem çagyryp bolardy” diýip, Begmedowa aýtdy.
Ýöne ol Serdar Berdimuhamedowyň wezipesine gelnine häzir “bir ýylam bolmandygyny, onuň entek özgertmelere başlamak mümkinçiliginiň bardygyny, goýberlen ýalňyşlyklaryň boýun alynmagynyň özgertmeler üçin ilkinji ädim boljakdygyny” hem sözüne goşdy.
Begmedowa hiç kimiň repressiýa çagyrmaýandygyny, wyždanly hünärmenleri saýlap almagyň we olaryň işine päsgel bermezligiň köp zady üýtgetjekdigini belleýär.
“Munuň çalt amala aşjak iş däldigi düşnükli, ýöne türkmenler islendik görnüşdäki maýylganlyga minnetdar bolarlar” diýip, hukuk goraýjy bu meselede goňşy döwletde bolýan zatlary mysal getirýär.
“Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ilki gapyny syýahatçylar, daşary ýurtly blogçylar üçin açdy, hatda olar bilen özi hem duşuşyk geçirdi.Mysal üçin, olaryň interneti Türkmenistandakydan has güýçli, walýuta konwertasiýasynda hem ol ýerde bizdäki ýaly kynçylyklar ýok, özbek studentleri Türkmenistandaky ýaly aýylganç çäklendirmelerden ejir çekmeýär” diýip, ol türkmenistanlylaryň Özbegistan bilen deňeşdirilende hem entek köp iş etmelidigini, ol ýerde kän gowulygyň bardygyny nygtady.
Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygynyň pikiriçe, esasy mesele bu işlere başlamakda we, eger-de edilmeli işleriň gerimi boýun alynsa, proses başlanar.
“Ýene bir gezek gaýtalaýaryn, berk syýasy erk-ygtyýar bolmasa, bu hili işe her öňýeten başlap bilmez” diýip, Begmedowa ýazmaça düşündirişini soňlaýar.
Maglumat üçin aýdylsa, S.Nyýazow bilen şol wagtky baş prokuror, soňra uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen Gurbanbibi Atajanowanyň arasynda jenaýatyň derejesi, garaşsyzlygyň dürli ýyllarynda günäsi geçilen tussaglaryň sany barada edilen we telewideniýede berlen gürrüňlerde 2006-njy ýylda 150 müňden gowrak adamyň türmeden geçendigi belli bolupdy.
Şondan soňky ýyllarda günäsi geçilen adamlaryň resmi sanawyndan çen tutulsa, hukuk goraýjylaryň, synçylaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanda tussag edilýän adamlaryň sany kän azalmaýar.
Emma häkimiýetler türmä basylýan adamlaryň umumy sany, türmede ölen adamlaryň sany, ikinji ýa üçünji gezek türmä düşen adamlar, bu ugurda geçirilýän sosial barlaglaryň netijeleri barada maglumat bermeýär. Şonuň bilen bir wagtda, türmede ölen syýasy tussaglaryň käbiriniň jesediniň garyndaşlaryna diňe hiç kime aýtman jaýlamak şerti bilen berilýändigi, tussaglykdaky agyr şertleriň bir topar emeldar üçin bikanun gazanç çeşmesine öwrülendigi barada hem maglumatlar bar.
Ozal tussagda bolan we soňra ýurtdan çykan raýatlaryň käbiriniň hukuk goraýjylara beren maglumatlarynda aýdylýan eden-etdiliklere, şol sanda türkmengalaly Bägül Annanazarowa ýaly öz janyna kast etmäge ýetirilen ýaş gyzyň hossarlarynyň arzynyň diňlenmezligi ýaly maglumatlara häkimiýetler hiç bir resmi düşündiriş bermeýär.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň adam hukuklary boýunça aprel aýynda çap edilen ýyllyk hasabatynda aýdylmagyna görä, türkmen kanunlarynyň raýatyň kanuny esassyz tussag edilmegini we saklanmagyny gadagan edýändigine garamazdan, Türkmenistanda bularyň ikisi-de çynlakaý mesele bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.