
2024-nji ýyl üçin edebiýat boýunça Nobel baýragyna Günorta Koreýadan ýazyjy zenan Han Gan mynasyp görüldi. Baýragyň guramaçylary onuň şahyrana prozasynyň taryhy şikeslere garşy durýandygyny we adam durmuşynyň biçäreligini açyp görkezýändigini bellediler. Bu barada MIR 24 ýazýar.
Han Gan öň Berhiz tutýan zenan atly romany üçin halkara Buker baýragyny aldy. 2023-nji ýylda oňa Mediçi edebiýat baýragyny gowşurdylar.