Hamzatdan ýeňlen Býornse Dana Uaýt ýene bir güýçli garşydaşy söz berdi

Hamzatdan ýeňlen Býornse Dana Uaýt ýene bir güýçli garşydaşy söz berdi

UFC-niň braziliýaly wekili Gilbert Býorns Hamzat Çimaýew bilen bolan duşuşykdan soň guramanyň ýolbaşçysy Dana Uaýt bilen duşuşandygyny aýtdy.

Ýeňiş gazanaryn öýdýärdim. Ýöne, näme üçindir, bu başa barmady. Her näme bolsa-da, tutluşyk hemmelere ýarady. Tutluşykdan soň men Dana bilen duşuşdym. Ol indiki gezek ýene bir uly tutluşyga gatnaşjakdygymy aýtdy. Tutluşygyň kim bilen boljakdygy belli däl, ýöne men Dana ynanýaryn. Maňa mynasyp garşydaşy tapar. Diňe garaşmak gerek diýip, Ag Fight neşiri Býornsiň aýdanlaryny getirýär.

Braziliýaly pälwanyň Hamzat Çimaýewden utuklar boýunça asgyn gelendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Çimaýew Býorns söweşi 9-njy aprelde UFC 273-de geçiriler
UFC ýeňil agramda Oliweýra Getji titul söweşini tassyklady
Hamzat Çimaýew UFC-niň taryhynda özboluşly üstünlik gazandy
Çimaýew UFC 273-de Býornsden üstün çykdy
Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar