Garyşyk stiliň şwesiýaly söweşijisi Hamzat Çimaýew Absolýut söweş çempionatyndaky (UFC) indiki söweşiniň senesi barada aýtdy. Muny türgen Instagram sahypasynda anons etdi diýip, lenta.ru habar berýär.
Täze Habib ady bilen tanalýan Çimaýew 30-njy oktýabrda Abu-Dabide geçiriljek UFC 267 turnirinde çykyş etjekdigini belledi. Onuň garşydaşy hytaýly söweşiji Li Szýanlýan bolar.
Asly çeçen bolan 27 ýaşly şwesiýaly türgen 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri oktagona çykanokdy. Çimaýew şu ýylyň mart aýyndan koronawirus keselinden dikelip başlady.
Çimaýew MMA düzgünleri boýunça söweşlerde bir gezek hem ýeňilmedi. Onuň hasabynda dokuz söweşde dokuz ýeňşi bar. Ol soňky üç söweşini UFC-de geçirdi. Söweşi alyp baryş stiline görä ony russiýaly Habib Nurmagomedow bilen deňäp başladylar. Çimaýewe 66 günüň dowamynda UFC-de üç gezek söweşmek başartdy, bu gurama üçin rekorddyr.