Hamilton we Tanak arany açýar

Formula 1 boýunça möwsümiň 12-nji ýaryşy Wengriýa “Gran Prisinde” Lýuwis Hamilton (“Mercedes”) ýeňiş gazandy.Ilkinji hatardan ýaryşa başlan Maks Werstappen (“Red Bull”) 66-njy aýlawa çenli birinjiligi özünde saklady.

Hatda ol 2-nji hatardaky Lýuwis Hamiltondan arany 20 sekunda çenli açmagy hem başardy. Ýöne depginini birjikde gowşatman bäsleşen Hamilton 66-njy aýlawda öňe saýlandy.Netijede, 70 aýlawy 1 sagat 35 minut 03,796 sekuntda tamamlanan Hamilton, möwsümdäki 8-nji, karýerasyndaky 81-nji ýeňşini gazandy.

Werstappen ýeňijiden 17,796 sekunt yza galyp, ikinji ýer bilen oňňut etmeli boldy. 68-nji aýlawda topardaşy Şarl Leklerden öňe saýlanan Sebastian Wettel (“Ferrari”) 3-nji ýeri eýeledi.Kem-kemden arany açýan Lýuwis Hamiltonyň utuk sany 250-ä ýetdi.

Onuň finlýandiýaly topardaşy Waltteri Bottasyň 188, gollandiýaly Maks Werstappeniň 181 utugy bar.Möwsümiň indiki ýaryşy 4 hepdelik arakesmeden soň, 1-nji sentýabrda Belgiýada geçiriler.* * *Dünýä Ralli çempionaty (WRC) boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşynda estoniýaly Ott Tanak ýeňiji boldy. “Toyota Gazoo Racing WRT” toparynyň sürüjisi Finlýandiýada geçirilen ýaryşda 307,58 km aralygy 2 sagat 30 minut 40,3 sekuntda tamamlap, şu ýylda 4-nji gezek öňdäki orny eýeledi.

Bu onuň karýerasyndaky 10-njy ýeňşidir. 23 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşda finlýandiýaly pilotlar “Citroen Total WRT” toparynyň wekili Esapekka Lapli 2-nji, “Toyota Gazoo Racing WRT” toparynyň sürüjisi Ýari-Matti Latwala 3-nji orna mynasyp boldy.

Bu ýeňişden soň, utugyny 180-e ýetiren Ott Tanak birinjiligini saklaýar. Çempionlygyň beýleki dalaşgärlerinden soňky 6 ýylyň ýeňijisi Sebastian Ožie 158 utuk bilen 2-nji, ondan 3 utugy az Tierri Noýwill 3-nji hatarda barýar.

Möwsümiň 10-njy rallisi 2225-nji awgust aralygynda Germaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Noýwill arany açýar
Ožie 6-njy gezek ýeňiji boldy
Täze möwsüme badalga berildi
Çempionyň ýeňşi
Garaşylmadyk sürüjileriň üstünligi
Möwsümiň 7-nji bäsleşikleriniň ýeňijileri