Formula 1 ýaryşynda möwsümiň 6-njy ýaryşy Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirildi. 4,6 kilometrlik Katalonýa trassasynda geçirilen 66 aýlawly ýaryşda Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy.Mercedes toparynyň britan sürüjisi ilkinji hatardan başlan ýaryşyny 1 sagat 31 minut 45,279 sekuntda tamamlady.
Bu onuň şu möwsümdäki 4-nji, umumylykda-da 88-nji ýeňşidir.Galyberse-de, ol 156-njy gezek bir bäsleşigi öňdäki 3 orunda tamamlap, bu babatda Mihael Şumaheriň rekordyny täzeledi.
Hamilton şol 156 ýaryşda 88 gezek 1-nji, 40 sapar 2-nji, 28 gezegem 3-nji ýeri eýeledi.
Red Bull toparynyň golland sürüjisi Maks Werstappen ýeňijiden 24,1 sekunt yza galyp, münberiň 2-nji basgançagyna çykdy. Topardaşy Hamiltondan 44,752 sekunt soň pellehanadan geçen finlýandiýaly Waltteri Bottas 3-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.
Geçirilen 6 ýaryşdan soň, sanawyň birinjisi Hamiltonyň utuk sany 132-ä ýetdi. Werstappeniň 95, Bottasyň 89 utugy bar. Möwsümiň 7-nji bäsleşigi 30-njy awgustda Belgiýada geçiriler.
Moto GP boýunça Awstriýada geçirilen möwsümiň 4-nji ýaryşy ýatdan çykmajak wakalara baý boldy.Spilberg şäherindäki Red Bull trassasynda geçirilen bäsleşigiň 9-njy aýlawynda Esponsorama toparynyň fransuz sürüjisi Ýohann Zarko bilen Petronas Yamaha toparynyň italýan sürüjisi Franko Morbidelliniň motosiklleri heläkçilige uçrady.
Her niçik hem bolsa, sürüjileriň hiç birine-de zeper ýetmedi.Bäsleşik togtadylyp, trassa arassalananyndan soň, ýaryş täzeden 20 aýlaw esasynda geçirildi. Şol 20 aýlawy Ducati toparynyň italýan sürüjisi Andrea Dowizioso birinjilik bilen tamamlady.
Onuň görkezen netijesi 28 minut 20,853 sekunda deň boldy.Moto GP-däki 15-nji ýeňşini gazanan Dowiziosodan 1,3 sekunt soň pellehana gelen Suzuki Ecstar toparynyň ispaniýaly sürüjisi Hoan Mir 2-nji, şeýle-de Pramac toparynyň awstraliýaly sürüjisi Jek Miller 3-nji ýeri eýeledi.
Tamamlanan 4 ýaryşdan soň, 12-nji bäsleşikde ýeňiş gazanan Fabio Kuartararonyň liderligi dowam edýär (67 utuk). Ondan 11 utugy az Andrea Dowizioso 2-nji, 48 utukly Mawerik Winýales 3-nji orunda barýar. Moto GP-de indiki ýaryş 23-nji awgustda ýene-de Awstriýada geçiriler.