Formula 1 Dünýä çempionatynda möwsümiň 4-nji bäsleşigi Angliýada geçirildi.Aýratynam soňky aýlawlary çekeleşikli geçen ýaryşda Lýuwis Hamilton (“Marcedes”) hemmeden öň pellehana gelip, möwsümdäki bassyr 3-nji ýeňşini gazandy.
Ol ilkinji hatardan başlan 52 aýlawlyk ýaryşy 1 sagat 28 minut 01,283 sekuntda tamamlady. Ýeri gelende aýtsak, Hamiltonyň bu ýaryşyň soňky aýlawynda tekeri ýaryldy. Şol pursata çenli arany ep-esli açan Hamilton azda-kände kynçylyk çekse-de, ýaryk teker bilenem bolsa, ala baýdagy ilkinji bolup görmegi başardy.
Bu onuň 87-nji ýeňşi bolup, britaniýaly sürüji kem-kemden Mihael Şumaheriň rekordyna golaýlaýar.
Hamiltondan 5,8 sekunt yza galan “Red Bulluň” golland sürüjisi Maks Werstappen 2-nji ýeri eýeledi.Ol soňky aýlawda Hamiltonyň ulagynyň tekeriniň ýarylmagy bilen depgini ýokarlandyrsa-da, oňa güýçli garşydaşyndan öňe geçmek başartmady. “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler ýeňijiden 18,4 sekunt soň pellehanadan geçip, bäsleşigi üçünjilik bilen tamamlady.
Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 9-njy awgustda ýene-de Angliýada geçiriler.