Formula 1 Dünýä çempionatynda möwsümiň 12-nji ýaryşy Wengriýanyň Mogýorod şäherçesindäki “Hungaroring” trassasynda geçirildi. 70 aýlawdan ybarat bolan bäsleşikde “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lewis Hamilton ilkinji hatardan bat aldy.
Ol ýaryşyň soňuna çenli-de ornuny saklap, pellehanadan 1 sagat 37 minut 16,427 sekuntda geçmegi başardy.Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji ýeňşi bolup, ol Wengriýada-da 6-njy gezek 1-nji orny eýeledi.
F1 karýerasy boýunça-da 67-nji ýeňşini baýram eden Hamilton umumy sanawda-da utuk aratapawudyny 24-e ýetirdi.Pellehana Hamiltondan 17,123 sekunt giç gelen “Ferrariden” germaniýaly Sebastian Wettel 2-nji, onuň topardaşy, finlýandiýaly Kimi Raikkonen 3-nji ýeri eýeledi.
Awstraliýaly Daniel Rikkiardonyň (“Red Bull”) 4-nji bolan ýaryşynda “Mercedes” toparynyň fin piloty Waltteri Bottas bäsleşigi 5-nji hatarda tamamlady.Şeýlelikde, F1-de möwsümiň 1-nji ýarymy tamamlanyp, sürüjileriň sanawynda 213 utuk toplan Hamilton iň öňde barýar. 189 utukly Wettel 2-nji ýeri eýeleýär. Çempionlygyň beýleki dalaşgärlerinden 34-nji ýerleri paýlaşýan fin sürüjileri — Raikkoneniň 146, Bottasyň 132, şeýle-de 5-nji basgançakdaky Rikkiardonyň 118 utugy bar.
F1-iň nobatdaky bäsleşigi bir aýa golaý wagtdan soň, ýagny 26-njy awgustda Belgiýada geçiriler.