Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy

Eýranyň paýtagty Tähranda janyna kast edilen Hamasyň syýasy lideri Ismail Heniýýe için Kataryň paýtagty Dohada jynaza namazy okaldy.

Jynaza Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş, Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn gatnaşdy.

Ertiriň irki sagatlaryndan başlap dürli ýurtlardan gelen müňlerçe adam jynaza gatnaşmak üçin metjide geldi.

Heniýýeniň jynazasyna Arap we musulman dünýäsiniň liderleri hem gatnaşdy.

Heniýýe we janpenasy Luseýl şäherinde jaýlandy

Hamasyň syýasy lideri Heniýýe üçin düýn ilki Eýranda müňlerçe adamyň gatnaşmagynda jynaza namazy okalypdy.

Ýene degişli makalalar

Jewdet Ýylmaz, Heniýýeniň Jynaza Namazyna Gatnaşar
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy
Türkiye Eýrana gynanç bildirýär
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew, Hakan Fidany Kabul Etdi
DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada Saparda Bolýar