Beýannamada ABŞ-nyň, Müsüriň we Kataryň töwellaçylyk etmeginde Gazada hüjümleriň bes edilmegi hem-de ýesir çalşygy boýunça geçirilýän gepleşiklerde Binýamin Netanýahunyň täze şertler getirip, ylalaşyk gazanylmagynyň öňüni alýandygy nygtalýar.
Beýannamada Netanýahynyň täze şertler bilen töwellaçy taraplary çykgynsyz ýagdaýa güşürendigi bellenilýär.
Binýamin Netanýahunyň “Gazada durnukly ylalaşygy we giň gerimli çekilmäni kabul etmeýändigine” üns çekilýän beýannamada, resmi Tel-Awiwiň gazany ikä bölýän Netzarim koridorunda, Rafah geçelgesinde we Gaza Sektory bilen Müsür serhedindäki Filadelfiýa geçelgesinde basyp alyşyn dowam etmegi isleýändigi bellenilýär.
Beýannamada teklibe ýesir çalşygy boýunça täze maddalaryň goşulandygy beýan edilip; “Netanýahu töwellaçylaryň tagallalaryny bökdemekden, ylalaşyk gazanylmagynyň öňüni almakdan we Gaza Sektorunda durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsir ýetirýän hüjümler bilen halkymyzyn ulgamlaýyn häsýetde nyşana alynmagy bilen agyr şertleri başdan geçirýan ýesirleriň janlaryndan jogäpkär” diýilýär.
Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ABŞ-nyň, Müsüriň we Kataryň töwellaçylyk etmeginde Gazada hüjümleriň bes edilmegi hem-de ýesir çalşygy üçin geçirilýän gepleşikler 15-16-njy awgustda Dohada guralypdy.