Hamas, Ysraýylyň Teklibini Kabul Etmedi

Hamas, Ysraýylyň Teklibini Kabul Etmedi

Hamas, Ysraýylyň Hamasyň elindäki ähli ýesirleriň boşadylmagy şerti bilen Gaza Sektorynda hüjümlere 2 aý arakesme berilmegi baradaky teklibini kabul etmedi.

Merkezi ABŞ-da ýerleşýan “Axios” habar saýtynyň ysraýylly ýolbaşçylara esaslanýan habarynda, Ysraýylyň, Hamasa täze teklip hödürländigi ýatladyldy.

Ysraýyl Hamasyň elindäki ähli ýesirleriň boşadylmagy şerti bilen Gaza guralýan hüjümlere 2 aý arakesme berilmegini teklip etdi.

Hamasyň mediadan jogapkär ýolbaşçysy Welid Kilany “Esasy şertimiz söweşiň wagtlaýyn däl eýsem dolulygyna bes edilmegi. Ýesir çalşygy we ynsanperwer kömek ýaly beýleki ugurlar söweş gutaradan soň seljerler” diýdi.

Ysraýylly ýolbaçylara görä, Hamasyň elinde ysraýylly 136 ýesir bar.

Ýene degişli makalalar

Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy
Ysraýylly 3 Ýesir Boşadyldy
Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi
Netanýahu we Gallant Gaza garşy hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdylar
Gazadaky Ýesirleriň Hossarlary Katara Gitdi