Palestinanyň söweşjeň guramasy Hamas Ysraýyl bilen ýaraşyk we ýesir çalşygy boýunça ylalaşyk gazanmak üçin Dohada geçirilýän soňky gepleşikleri “oňyn we çynlakaý” diýip, häsýetlendirdi.
Hamas gysga beýanatynda Ysraýyl täze şertleri öňe sürmekden el çeken halatynda ylalaşygyň mümkindigini habar berdi.
Ysraýylyň mediasy Hamas bilen geçirilýän aýlawly gepleşiklerde ylalaşyk üçin “öňegidişligiň” edilendigini habar berdi.