Hamas Dohada Geçiriljek Parahatçylyk Gepleşiklerine Gatnaşmaz

Hamas Dohada Geçiriljek Parahatçylyk Gepleşiklerine Gatnaşmaz

Hamasyň syýasy toparynyň agzasy Suheýl Al Hindi, Kataryň paýtagty Dohada şu gün gaýtadan başlamagyna garaşylýan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmajakdyklaryny aýtdy.

Suheýl Al Hindi “Hamas, Dohada ýada Kairde başladylmagyna garaşylýan gepleşiklere gatnaşmaz” diýdi.

Hamasyň 2-nji iýulda töwellaçylardan ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdenden we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň kararlaryna laýyklykda ylalaşyga gelinen ugurlary öz içine alýan meýilnama hödürlemegini we Ysraýylyň şol meýilnama laýyklykda hereket etmek boýunça wada bermegini talap edendigini ýatladan Hindi, şertleri ýerine ýetirlen halatynda gepleşik stoluna gaýdyp gelmäge taýardyklaryny belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 31-nji maýda 3 tapgyrly teklip hödürlapdi. Şol teklip Ysraýylyň Gazadan dolulygyna çekilmegini, ýesirleriň we tussaglylaryň boşadylmagyny, öýlerini terk eden palestinalylaryň Gaza yzyna dolanmagyny, Gaza yzygiderli ýagdaýda ynsanpwer kömeginiň berilmegini we Gazanyň gaýtadan dikeldilmegini öz içine alýardy.

Ysraýylyň Premýer-ministri Betanýahu bolsa ýesir çalşygy bilen arabaglanşykly täze şertleri öňe sürüpdi we etap bökdelipdi.

Şu gün Dohada başlamagyna garaşylýan gepleşiklere Katarly we Müsürli ýolbaşçylar bilen birlikde Mossadyň we CIA-yň hem ýolbaşçysynyň gatnaşjakdygy nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
Baýden Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Baýden: "Wezipe möhledim tamamlanmanka Gazada ýaraşyk mümkin" diýdi
ABŞ, Müsür we Katar Gaza Üçin Gepleşikleriň Başlamagy Boýunça Çagyryş Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hamas Ysraýylyň Ylalaşygyň Öňüne Bökdençlikler Goýýandygyny Beýan Etdi