Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini aýap, gorap saklamak, ony geljekki nesillere tebigy durkunda we has hem baýlaşdyryp, miras goýmak barada uly tagallalary edýär.
Türkmenistanyň syýasatynda ekologiýa meselelerine aýratyn üns berilýär. Şol ugurda birnäçe işleri alyp baran, türkmen alabaý itlerini öwrenmekde, seçgiçilik, tohum görnüşleriniň ösdürilmeginde, kinologiýa ylmyndan hem uly işleri bitiren Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri, belli alym, mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň hormatly halypasy, bütin manyly ömrüni mukaddes ata Watana, bilime-ylma bagyş eden zoolog-ornitolog, kinolog we ekolog, alym Öwez Sopyýewdir.
Alym, mugallym Öwez Sopyýewiň ylmy işleriniň netijeleri ýörite monografiýalarda, ylmy maglumatnamalarda, dissertasiýa işlerinde, ensiklopediýalarda, okuw kitaplarynda, şeýle hem tebigaty goramak boýunça başlangyçlary teleýaylymlarda taýýarlanylýan ylmy-populýar gepleşiklerde, kitaplarda giňden ulanylýar.
Alym mugallymyň maslahaty bilen, Türkmenistanyň tebigaty we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berýän gysga metražly ylmy-populýar kinofilmler döredildi.Onuň ylmy ýolbaşçylygynda hünärmenleriň ençemesi kandidatlyk dissertasiýasyny gorady.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmen Alabaýy atly kitabynda Milli kinologiýamyzyň ösüşinde uly işleri durmuşa geçiren belli alym, ornitolog Öwez Sopyýewiň we ýurdumyzyň tebigatyny goramakda, oba hojalygyny ösdürmekde uly goşant goşýan beýleki alymlaryň zähmetine biz örän ýokary baha berýäris diýip belläp geçýär.
Öwez Sopyýew 1935-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Mary etrabynyň Egrigüzer obasynda (häzirki Aşgabat daýhan birleşigi) dogulýar.Ol 1942-1949-njy ýyllarda ilki öz obasyndaky ýediýyllyk mekdepde okaýar.
Soňra Mary şäherindäki 6-njy orta mekdep-internatyny ýokary bahalar bilen tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli we döredijilikli zähmet çekip, abraýly we manyly zähmet ýoluna gadam basýar. Öwez Sopyýew üznüksiz iş tejribesi döwründe, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerli guramasynyň başlygy, dekan, pudaklaýyn ylmy barlaghanasynyň müdiri, kafedra müdiri, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, Ornitologiýa boýunça Türkmenistan jemgyýetiniň başlygy, soňra şol guramanyň Merkezi geňeşiniň agzasy, TEMPUS maksatnamasynyň taslamasynyň Magtymguly adyndaky TDU we S.A.Nyýazow adyndaky TOHU boýunça utgaşdyryjysy ýaly wezipelerde işleýär. Ö.Sopyýew nesilleri terbiýelemekde bitiren görnükli hyzmatlary üçin Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri, Türkmenistanyň ussat mugallymy diýen hormatly atlara mynasyp bolýar.
Alym mugallym biologiýa dersinden milli we halkara olimpiadalary geçirmekde hem tejribeli guramaçy hökmünde tanalýar.Ol ençeme ýylyň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň binýadynda biologiýa dersi boýunça GDA döwletleriň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara olimpiadalaryny taýýarlamak we geçirmek işlerine ýolbaşçylyk edýär. Şol olimpiadalarda milli okuw mekdebi hemişe baýrakly orunlara eýe boldy.
Uniwersitetdäki zoologiýa muzeýiniň hem halypanyň ýakyndan goldaw bermegi bilen döredilendigini onuň kärdeşleri, şägirtleri buýsanç bilen gürrüň berýärler.Meşhur alym Türkmenistanda guşlaryň seýrek duş gelýän gymmatly görnüşlerine, şeýle hem zäherli ýylanlary emeli (erkin bolmadyk) şertlerde saklamak we köpeltmek boýunça tehnologiýany öwrenmek işiniň hem başyny başlanlaryň biridir.
Alymyň toplan ylmy maglumatlarynyň köpüsiniň ylmy neşirlere, Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitaplaryna girizilmegi onuň baý ylmy döredijiliginden habar berýär.Onuň Köýtendag we Merkezi Köpetdag dag gerişleriniň haýwanat dünýäsi boýunça ylmy barlaglarynyň netijeleri özboluşlylygy we gymmaty bilen dünýä ylmynda mynasyp orny eýeleýär.
Öwez Sopyýew Aşgabatda, Moskwada, Sankt-Peterburgda, Kazanda, Kiýewde, Lwowda, Kişinewde, Almatyda, Bişkekde, Daşkentde, Samarkantda, Buharada, Londonda, Berlinde, Bostonda, Kanberrada çap edilen, haýwanat dünýäsiniň (guşlaryň we süýrenijileriň) dürli toparlaryna, olaryň ekologiýasyna, zoogeografiýasyna, köpeldilmegine bagyşlanan ylmy işleriň 400-den gowragynyň awtorydyr.
Alym mugallymyň bilim ulgamyna, hususan-da, biologiýa, ekologiýa, tebigaty goramak derslerini okatmagyň usullaryna hem-de mähriban ülkämiziň tebigatyny goramaga bagyşlanan işleri hem köp. Ö.Sopyýew awtor we redkollegiýanyň agzasy hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň birinji (1985), ikinji (1999) we üçünji (2011) neşirlerini taýýarlamaga hem işjeň gatnaşan alym.
Onuň gatnaşmagynda 50-den gowrak kitap, ylmy ýygyndylar, sözlükler, dürli ýubileý neşirleri çap edilipdir. Ö.Sopyýewiň sada, göwnaçyk häsiýeti, türkmen we rus dillerini inçelik bilen duýup bilmegi, söz baýlygy, hemişe täzelikleri öwrenmäge teşneligi onuň mugallymçylyk ussatlygyny bezedi.
Onuň şahsy kitaphanasynda aglabasy hünär ugurly kitaplardan ybarat bolan 6 müň jiltden hem kän kitap bar.Onuň şahsy kitaphanasyndan kärdeş mugallymlarydyr talyplar, biologiýa mugallymlary, goraghanalaryň we ylmy-barlag institutlaryň hünärmenleri köp ýyllaryň dowamynda peýdalanyp gelýärler.
Häzirki wagtda halypanyň ýoluny şägirtleri dowam etdirýär.
Öwez Sopyýewiň maşgalasynda inisi Berdi Sopyýew hem agasynyň ýolundan gidip, durmuşyny ylym bilen baglanyşdyrdy. Ol S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde zähmet çekdi, uly ylmy işgär we ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy.
Ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda halypa-şägirtlik ýoluna giň ýol açylýar. Öz ömrüni Watanymyza, ylym-bilime we beýleki ugurlara bagyş eden beýik şahsyýetleriň eden işleri, geçen durmuş ýollary ýaşlar üçin nusgalyk mekdebidir.
Merdan Nuryýew,
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.